Ýakynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda üstümizdäki ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly «Tegelek stolyň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň, şekillendiriş sungaty muzeýiniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we ol umumymilli forumynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynda beýan edilen üstünliklerimiz barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Geçirilen bu nobatdaky Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaş nesillerimiziň bolmagy we Gahryman Arkadagymyzyň geljegimiz bolan ýaş nesillere uly bil baglaýandygyny, geljekde biziň watanymyzy gülletjek ýaşlardygyny uly buýsanç bilen bellemegi, ýaş nesilleri uly ruhubelentlige göterdi diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda bellediler.
Mundan başga-da çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrmagy we ol ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşandygyny bellediler. Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýe bolup durýandygyny çykyşlarda belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle uly döwletli tutumly işleri durmuşa geçirýän, Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amal edýän, ertirki günüň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy üçin uly işleri bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň müdiri.