WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Demokratik partiýasynyň hem-de toplumyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde guramagynda toplumda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde kabul edilen bu bir aýlyk çäre häzirki wagtda raýatlarymyzy, şol bir sanda ýaşlarymyzy ýol hereketiniň düzgünleri, kada-kanunlary bilen tanyşdyrmak we olara eýermekleri barada, şeýle-de toplumyň çäginde hereket edýän enjamlar, ýörite maşynlar, abzallar we tehniki gurallar bilen işlenilende seresaplyk bilen ünsli hereket etmekleri we kabul edilen içki tertip dügünlere talabalaýyk, jogapkärli çemeleşmekleri barada gürrüň edildi.

Wagyz- nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy, işlemäge, döretmäge, gurmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.

Güljahan HOJAMMAÝEWA,

Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 64 okalan

DÜZGÜNLERI BILMEK BIZIŇ BORJUMYZ!

26 Sentýabr 2025 | 47 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI