«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda üstümizdäki ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen baglanşykly «Tegelek stolyň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher we welaýat merkezlerinde işleýän wekiller gatnaşdylar. Olar öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we ol ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynda beýan edilen üstünliklerimiz barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Geçirilen Halk Maslahatynda biziň ýaşlarymyzyň bolmagy we Gahryman Arkadagymyzyň biziň geljegimiz bolan ýaş nesillerden uly işlere garaşylýandygyny, ýaşlar biziň ertirki günümiziň eýeleridigini uly buýsanç bilen belländigini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 64 okalan

DÜZGÜNLERI BILMEK BIZIŇ BORJUMYZ!

26 Sentýabr 2025 | 47 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI