ASUDALYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ DIÝARY

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda 2017-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga degişli meseleleriň birnäçesine seredildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asuda, abadan we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar diýip bellediler. Döwletimiziň mizemezligini goramak we türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan belent wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm binýady bolan jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdiler.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesiniň özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtap, geljekde hem bu ugurda maksatlaýyn çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini aýtdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde möhüm ornuň degişlidigini belläp, asudalygyň, abadançylygyň, halkymyzyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalanmagy ýurduň rowaçlygynyň baş kepilidigini, munuň bolsa ösüş ýoly bilen üstünlikli hem-de okgunly öňe gitmegi şertlendirýändigini belledi.

Mejlisiň yzysüre hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän serhet galalarynyň birine gelip, ol ýerde işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak babatda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň esasy düzgünlerinden ugur almak bilen Döwlet serhet gullugynyň merdana serhetçileri gury ýerde bolşy ýaly, deňiz we howa giňişliginde hem mukaddes çäklerimizi ygtybarly goraýarlar. Serhetçiler iň täze harby tehnikalary we enjamlary dolandyrmak endiklerini doly özleşdirip, döwletimiziň serhedinde eserdeň gulluk edýärler. Ata-babalarymyzyň watançylyk, gahrymançylyk ýaly asylly däplerini mynasyp dowam edýän, harby kasama wepalylygyň ýokary nusgasyny görkezýän serhetçilerimiz parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolan eziz Watanymyzyň çäkleriniň goragynda berk durýarlar.

Bu gün Garaşsyz türkmen döwleti Watana wepaly, ynama ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar. Milletiň ruhy we beden sagdynlygyna, nesillerimiziň belent watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerine aýratyn üns berýän ýurt Baştutanymyz döwletimiziň asudalygyny üpjün etmek üçin döwrebap serhet galalaryny bina etdirýär. Ol ýerlerde türkmen esgerleriniň elmydama serhede sak, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup gezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu tagallasy ata-baba watançylyk mekdebiniň täze döwre laýyk, zamanabap röwüşde gaýtadan dikeldilmegini aňladýar. Taryhyň bize mälim döwürlerinden şu güne çenli şöhrata ýugrulyp gelen türkmen merdanalygynyň indiki müňýyllyklarda hem dowam etjekdiginiň nyşanydyr.

Watan goragy mukaddes borçdur. Bu topragyň perzentleri Watan we il namysyndan ýokarda gaýry bir mukaddesligiň ýokdugyna anyk düşünýär. Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem serhetçileriň döwrebap gulluk etmekleri üçin olaryň maşgala agzalary üçin ähli şertleri döretmek barada alada ediljekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň bu aladalarynyň ählisi tutuş halkyň, milletiň asudalygynyň, sagdynlygynyň kepili bolup hyzmat etjek beýik işlerdir.

“Nesil” gazeti,

13.01.2018ý.

Meňzeş habarlar