«ARKADAG» TOPARY «MERW» TOPARYNDAN ÜSTÜN ÇYKDY

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň açylyş duşuşygynda Marynyň «Merw» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşyk Mary şäheriniň «Merw» stadionynda geçirildi.

Garşydaşlar şu möwsümde bu duşuşykdan owal eýýäm iki gezek duşuşypdylar. Birinji aýlawda «Arkadag» topary öz meýdançasynda 7:0, ikinji aýlawda bolsa myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Toparlaryň üçünji ýüzbe-ýüz duşuşygy Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony we 2024-2025-nji ýyllaryň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisiniň derwezesine bir topuň girmegi bilen başlandy. 9-njy minutda meýdança eýeleri Nowruz Baýrammämmedowyň takyk urgusy bilen tamamlanan netijeli hüjümi amala aşyrdy.

Wladimir Baýramowyň şägirtlerine oýny deňlemek üçin, bary-ýogy dört minut ýeterlik boldy. 13-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňledi – 1:1. Toparlar şu netije bilenem arakesmä çykdylar.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Merw» topary milli çempionatyň öňbaşçysynyň hüjümleriniň öňünde uzak wagtlap edermenlik bilen durdular. Adaty wagtyň tamamlanmagyna 10 minut galanda, «Arkadag» toparynyň futbolçylary iki gol salmak bilen 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. 80-nji minutda soňky iki milli çempionatyň iň köp pökgi salan oýunçysy Didar Durdyýew tapawutlandy. 87-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew iki gol salmak bilen özüni görkezdi.

Bu duşuşykdan soň garşy derwezä 19 (jerime urgusyndan – 1) pökgi salan Didar Durdyýew hüjümçileriň ýaryşynda öňbaşçylygy berkitdi. Topardaşy Begenç Akmämmedow ondan iki pökgi az saldy – 17 (1). Iň köp gol salan üçlügiň sanawynyň soňky setirinde Altymyrat Annadurdyýew durýar – 15 (1).

«Merw» topary bilen myhmançylykda geçen bu duşuşyk «Arkadag» toparynyň 17-nji sentýabrda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň birinji toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň «Andijon» toparyna garşy öz meýdançasynda geçiriljek duşuşygyň öňýanynda iň soňky taýýarlyk boldy.

Yzygiderli 20 duşuşykda ýeňiş gazanan «Arkadag» topary 60 utuk toplap, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňbaşçylygyny berkitdi. «Ahal» topary ondan 28 utuk yza galýar, ýöne 4 oýun az oýnady.

Paýtagtymyzda «Köpetdag» toparyny kabul etjek 30 utukly «Altyn asyr» topary 3-nji orny eýeleýär. Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçiriljek başga bir duşuşykda «Aşgabat» topary «Nebitçi» topary bilen duşuşar.

Milli çempionatyň 19-njy tapgyrynyň soňky «Şagadam» bilen «Ahal» toparlarynyň duşuşygy Türkmenistanyň wise-çempionynyň AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn ýaryşynyň 16-njy sentýabrda myhmançylykda geçjek «Mohun Bagan» hindi topary bilen duşuşygy sebäpli, ätiýaçlyk günleriň birine yza süýşürildi.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar