Paýtagtymyz abadanlaşýar

«Aziýanyň merjen şäheri» diýip, islendik döwlete baryp, haýsy halkdan sorasaňam olar «Türkmenistanyň paýtagty — Aşgabat!» diýip jogap berýärler. Hawa, bu biziň şäherimiz. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň durmuşyny bezäp, ajaýyp gözelligi döredip beren şäheri. Bu paýtagt dünýäniň iň iri sport ýaryşyny, abraýly, özara bähbitli, ynsan ähmiýetli maslahatlaryň birnäçesini kabul eden şäher. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen merjen görki günsaýyn gözelleşýän şäherimiziň ähli künjeklerinde abadanlaşdyrylyş işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Golaýda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz dikuçarda baş şäherimiziň durmuş düzümini, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny, ýol-ulag we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşyny, täze ýollaryň, köprüleriň gurluşygyny gözden geçirdi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar toplumy ulanmaga berildi. Häzirki döwürde 16-njy tapgyryň taslamalary boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy hakynda şäheriň häkimi milli Liderimize hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň her bir tutumlarynda halkymyzyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşy hakynda edilýän aladalary görmek bolýar. Ýurt Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda döwrebap söwda-dynç alyş merkezleriniň gurulmalydygyny, şeýle hem körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, olaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi, kämilleşmegi üçin zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Aşgabadyň demirgazygyna tarap ugur aldy. Häzirki döwürde şäheriň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda 1152 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Çoganlyda ozal şeýle görnüşdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 384-siniň açylandygyny hasaba alanyňda, bu toplumdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň jemi sany 1536-a ýetýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleriniň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin möhüm önümçilik desgasy bolan aýna kärhanasynda alnyp barylýan işleri, Garagum derýasynyň golaýyndan geçýän G.Kulyýew köçesiniň ugrunda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň edara binalarynyň gurluşyklarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyşyny synlady.

Hormatly Prezidentimiz häkime durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyny dowam etmegi tabşyrdy, olar ýokary depginde ösýän türkmen paýtagtynyň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulmalydyr, geçirilýän ähli işler ýurdumyzyň baş şäheriniň — Merkezi Aziýanyň merjen şäheriniň ýokary derejesine laýyk gelmelidir diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara howa menziliniň golaýyndaky A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän geljekki myhmanhananyň ýerleşjek ýerini synlady. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşendigini, gadymy döwürlerde bu ýerlerden möhüm halkara ýollaryň geçendigini aýtmak bilen, milli Liderimiz 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegini nazarda tutup, Täze myhmanhana «Garagum» diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary halkara ölçeglere laýyk geljek Türkmenabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygy baradaky gürrüňe geçmek bilen, Amuldan Hazara çenli aralykdaky ýokary tizlikli awtomobil ýoluny «Beýik Ýüpek ýoly» diýip atlandyrmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», şeýle-de «Multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge goldaw bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda» atly Kararnamalarynyň aýdyň netijesi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

“Nesil” gazeti,

11.01.2018ý.

Meňzeş habarlar