Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan dörän türkmen halysy her bir ojagyň ýylysyna ýylylyk goşýar. Ol berekediň, bolçulygyň, ussatlygyň nyşanydyr. Hiç bir halkyňka meňzemeýän, gözelligi, nepisligi bilen haýran galdyrýan sungat eseridir. Asyrlaryň dowamynda aýap saklanan, nesilden-nesle, eneden-gyza geçirilip gelnen halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz-guwanjy, buýsanjydyr. Ýüňünden başlap, sapagyndan, tebigy reklerinden, ýüwürdiminden, çitiminden, keserinden, darakdyr synnysyndan, göllerinden söz açsaň, halyçylarymyzyň öz işine siňdirýän yhlasynyň, zähmetiniň çäksizdigine göz ýetirmek bolýar.
Tebigatymyzyň gözelligi bilen bäsleşýän türkmen halysynyň nepisligini bütin dünýä ykrar edýär. Türkmen halylarynyň gadymy we döwrebap nusgalaryna Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Müsüriň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň muzeýlerinde, sergi zallarynda we galereýalarynda, dünýä belli tanymal adamlaryň öýlerinde we köşklerinde duş gelmek bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň karary bilen, Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi halyçylyk sungatynyň, ýurdumyzyň çeper elli halyçylarynyň dokan gözel halylarynyň ajaýyp medeni ýadygärlik hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň beýanydyr.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
“Türkmennebit” D/K-niň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.