TELEKEÇILIK PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Kuwwatly ykdysady ulgamy döretmekde bolsa, erkin bazar ykdysadyýeti möhüm ugurdyr. Telekeçiler erkin bazar ykdysadyýetinde esasy orny tutýar. Döwletimiz tarapyndan telekeçilere ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Telekeçilere amatly şertleriň döredilmegi, ýeňillikli karzlaryň berilmegi, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ykdysady ösüşiň berk binýadyny düzýär.

Bitarap döwletimiziň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde daşary ýurt maýadarlaryna ýol açmak, bilelikde kärhanalary gurmak bilen milli ykdysadyýetimize döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümler öndürilýär. Bu ugurda “Daşary ykdysady iş hakynda”, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda” kanunlary kabul edildi.

Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümler diňe bir ýurdumyzyň içerki bazaryny kanagatlandyrman, daşary ýurtlaryň hem köpüsine eksport edilýär. Dünýäniň iri gurmalarynyň biri bolan Bütindünýä Söwda Guramasynda Türkmenistanyň işjeň synçy derejesine eýe bolmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle-de türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerde görkezilmegi we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Halkara sergilere türkmen telekeçileriniň hem gatnaşyp, ýurdumyzda öndürilýän önümlere dünýä döwletleriniň jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi döwletimiziň abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Telekeçiligi ösdürmek Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygynyň, parahat we bagtyýar geljeginiň kepilidir.

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 39 okalan

TÜRKMEN MANADY — MILLI BUÝSANJYMYZDYR

29 Oktýabr 2025 | 37 okalan

TELEKEÇILIK PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR