ÇAGA AT DAKMAK DÄBI

Ene-atanyň edep-terbiýeden öňürti çagasynyň öňündäki borçlarynyň biri oňa mynasyp, owadan at dakmak. Täze perzent dünýä inmezinden öňüsyrasyndaky pursatlar   has-da täsirli. Şol günlerde arzuwlarymyzy özünde jemleýän, nähili adam bolup ýetişmegini isleýän bolsak şoňa kybap jümläni at edinip göterýän, aýdylanda gulaga ýakymly sözler, atlar her bir maşgalanyň esasy gözlegi bolup durýar.  Çünki, köpümiziň bilip ýa-da bilmän edýän köp hereketlerimiziň aňyrsynda ganymyza siňip giden düşünjeler, ýörelgeler ýatyr. “Ady owadan adamyň ykbaly hem owadan bolar” diýen söz müňýyllyklardan bäri ýörgünli. Täze doglan perzende at dakmakda her halkyň özüne mahsus däp-dessury bar. Halkymyzyň perzende at dakmak däbi hem örän täsirli we gyzykly. Irki döwürlerde ýazylan eposlarymyzy okap görsek, ata-babalarymyz mynasyp bir iş görkezenden soňra, oňa laýyk gelýän bir at dakar ekenler. Muny “Gorkut ata” eposynyň mysalynda aýdyp bileris. Mundan başga-da “Çaganyň rysgy we ady onuň özi bilen bile gelýär” diýen düşünje hem giňden ýaýran. Perzendiň dünýä iniş ýagdaýy, süňňündäki daşky alamatlar, reňki ýa-da beýleki taraplary göz öňünde tutulyp, bir at dakylypdyr. Görogly adynyň onuň dünýä iniş ýagdaýy bilen dahyllydygy hemmämize mälim. Maşgalada çaga at dakmak hukugy öýüň ýaşulysyna degişli bolupdyr. Maşgaladaky iň uly adamyň makullan ady perzende rowa görlüpdir. Köplenç halatlarda dili dogaly, nazary hikmetden, garaýşy paýhasdan püre-pür adamlaryň hem at dakmagyny ileri tutupdyrlar. Şol bir wagtda beýleki maşgala agzalarynyň teklip eden atlary hem ünsden düşürilmändir. Her kimiň pikirine sylag-sarpa bilen garalypdyr. At dakmak däbi perzendiň dünýä inmeginden soňra onuň ömründäki ilkinji iň manyly pursatdyr. Täze doglan perzende at dakmak gijikdirilmändir. Uzak gitse, bir hepdäniň dowamynda laýyk görlen belli bir adyň üstünde durlupdyr. Sag gulagyna azan, çep gulagyna kamat okalypdyr. Ýerlerde dürli-dürli berjaý edilýändigine garamazdan, azandyr-kamatdan soňra, “Adyňy biz berdik, ömrüňi Alla bersin” diýen mazmundaky ýagşy dileg-dogalar edilipdir. Halkymyzyň arasynda “Çaga at dakylandan soňra, töweregindäki sesleri saýgaryp, aňşyryp başlaýar” diýen düşünje bar. Şoňa laýyklykda, perzendiň ilkinji eşiden sözleri onuň ömrüne bereket çaýsyn diýen yrym bilen kitaplardan has täsirli jümleleri okapdyrlar. Rysgally, bereketli, döwletli, ilhalar ogul bolup ýetişmegini arzuwlapdyrlar. Çünki, döwlete ýorulan perzent diňe döwlet getirýär. Beýik türkmen serkerdesi Alp Arslanyň dünýä inişi uly üstünlige, ýeňşe ýorlupdyr. Bu hakda Ibn Esiriň “Kämil taryh” atly eserinde “Dört ýüz ýigriminji ýylyň aşyr aýynyň birinji güni, şu söweşiň öňüsyrasy Soltan Alp Arslan ibn Dawut dünýä inipdi. Şonda onuň dogluşyny mübärekläp, onuň täleýini ýagşylyga ýorupdylar” diýilýär. Soňlugy bilen bu serkerde özüne dakylan ady we ynam edilen ykbaly ödemegi başarýar. Halkymyzyň täze doglan perzende at dakmak däbi aýratyn bir sungata öwrülip gidipdir diýsek, öte geçmeris. Çaga at dakylanda bar bolan ähli alamatlar ýa-da artykmaçlyklar göz öňünde tutulypdyr. “Ady özi bilen bile  geldi” ýa-da “Adyny özi aýtdy, özi getirdi” diýip, bu aýratynlyklara mahsus çemeleşipdirler.

Bellemeli, möhüm zat, perzende nähili at dakylsa, ählisini ýagşy niýete, umyda esaslanyp dakmakdyr. Aglaba halatda onuň adyna mynasyp ömrüniň bolýandygyny unutmazlykdyr. Şeýle hem her perzende dakylan at gysgaldylman, ýoýulman, dolulygyna tutulsa, bu onuň rysgal-bereketli perzent bolup ýetişmegine sebäp bolup biler. Çünki, şu ugurda taryhda ylym ýüküni çeken gerçekleriň aýtmagyna görä, biziň adymyzyň ykbalymyza örän uly täsiri bardyr. Şonuň üçin perzentlere manyly, mazmunly at dakmak we olary şol ady bilen çagyrmak, ýüzlenmek ene-atanyň perzendiniň öňündäki ilkinji borçlarynyň biridir. Halkymyzyň çaga at dakmak däbini bir söz bilen beýan ederden örän giň. Diňe şu ýerde bellenen ýazgylardan çen tutubam, halkymyzyň dünýä, durmuş, tebigat bilen bir bitewilikde, sazlaşykda, baglanyşykda ýaşandygyny görüp bolýar. Biziň diňe atlarymyzyň özi tutuş älemi aňladýar. Atlarymyzyň dürlüdigine garamazdan älemiňki ýaly sazlaşygyň, agzybirligiň höküm sürmegi döwletlilikden nyşan. Hormatly Prezidentimiz milli däp-dessurlarymyzy giňişleýin öwrenmelidigini, olaryň çuňňur many-mazmunyny ile-güne ýaýmalydygyny ündeýär. Munuň üçin ähli şertleri döredýär. Dünýä nusgalyk milli däp-dessurlarymyz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Perzende at dakmak däbiniň bir özi bizde aýratyn sungat bolup durka, milli medeniýetimiziň adamzada nusgalyk mekdepdigine hiç-hili şübhe ýok.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

ZEMINIŇ JENNETI -WATAN

Indiki makala

MIZEMEZ MILLI MIRASYMYZ

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 44 okalan

TÜRKMEN HALYSY

10 Sentýabr 2025 | 63 okalan

MIZEMEZ MILLI MIRASYMYZ

09 Sentýabr 2025 | 277 okalan

ÇAGA AT DAKMAK DÄBI