SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

Golaýda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyna esaslanyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 10-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» atly şaşka boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde Tagtabazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň himiýa-biologiýa mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Aýnabat Gurdowa, şol mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Allanazar Emeýew dagylar çykyş etdiler. Olar şeýle bäsleşikleriň kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn, päk ahlakly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak bolup durýandygyny aýratyn nygtap, bäsleşige gatnaşýan okuwçylara üstünlik arzuw etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna 10-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýbahar Parahadowa, 2-nji orna 10-njy synp okuwçysy Aýbike Taýyrowa, 3-nji orna 10-njy synp okuwçysy A. Saparmyradow dagylar mynasyp boldylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ajaýyp ORAZMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 12 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 47 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI