Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» boýunça Rezolýusiýany kabul etdi. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýäde durnukly ösüşi berkarar etmegiň durnukly ulag düzüjisini esaslandyrmak boýunça başlangyçlarynyň we anyk amala aşyrmalarynyň ähmiýetiniň Rezolýusiýanyň degişli bölümlerinde ýörite nygtalmagy külli türkmeniň abraýyny arşa galdyrýar.
Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyny esaslandyrmak boýunça başlangyçlarynyň we anyk amala aşyrmalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrarnama almagynda bellibir tapgyrlaýynlygy görmek bolýar. Bu ýagdaý Rezolýusiýada hem özboluşly şöhlelenme tapýar.
2014-nji ýylyň 3-4 sentýabrynda Ýewropanyň ykdysady topary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş topary hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda geçirilen durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky meseleler boýunça ýokary derejedäki halkara maslahatynda kabul edilen karara gelinme Aşgabat Jarnamasydyr. Jarnamanyň esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisi «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama kabul etdi. Biz muny bellibir şertlilikde, Türkmenistan döwletiniň bu ugurdaky başlangyçlarynyň ykrar edilmeginiň deslapky tapgyrlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirip bileris.
2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýa kabul edilip, Kararnamada biziň ýurdumyzyň BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny geçirmek teklibi doly goldaw tapdy. 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda geçirilen bu maslahatda Ählumumy maslahatyň syýasy meseleleri boýunça borçnamalary we teklipleri hakyndaky Aşgabat Beýannamasy kabul edilýär. Ulag ulgamyndaky gatnaşyklar dogrusynda Türkmenistan döwleti tarapyndan geçen 2017-nji ýylda hem birnäçe teklipler esaslandyrylyp, olar boýunça degişli çäreler geçirildi. Şeýle üstünlikleri ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky tapgyry diýip häsiýetlendirmek bolar.
Ýurdumyzyň dünýäde durnukly ösüşi berkarar etmegiň möhüm düzüjisi bolan durnukly ulag ulgamyny esaslandyrmak boýunça tagallalarynyň ähmiýetiniň ykrar edilmegini häsiýetlendirýän 2017-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Rezolýusiýanyň mazmuny entek köp derejede «Biziň isleýän geljegimiz» häsiýetdäki maksatnama görnüşinde bolsa-da, ýöne ýurdumyzda onuň eýýäm hakykat ýüzünde hereketlenýän bölümleriniň bardygy ýörite bellenilmelidir.
Şeýle bölümler hökmünde Rezolýusiýanyň: «iş orunlaryny döretmekde, adamlaryň we jemgyýetiň işe, mekdeplere, lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde, oba ilatynyň, şäheriň harytlar we hyzmatlar bilen üpjünçiligini guramakda, her kimiň deň mümkinçilige eýe bolmagynda, unudylmazlygynda logistik bölümleriň netijeliligini ýokarlandyrmak», «durnukly ulag ulgamyny ösdürmek, ... sebitleýin we sebitara ykdysady goşulmagy hem-de parahatçylyk, açyklyk, ählumumy, birek-birege öwretmek hem-de özara bähbitli esasdaky hyzmatdaşlygy amala aşyrmak», «deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn islegleriniň kanagatlandyrylmagynyň, hususan-da, olary halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan netijeli ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döredilmegi we ösdürilmegi», «halkara we sebitleýin ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de ulanmaga bermek», «obalaryň ýaşaýjylaryna... uly we kiçi şäherlerde hojalyk we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga mümkinçilik döretjek hem-de obaly telekeçileriň we ownuk mülkdarlaryň önüm öndürijiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berjek esasy ýollara, köçelere, demir ýollara hem-de jemgyýetçilik ulaglara şeýle hem ulag-üstaşyr merkezlerine mümkinçilik döretmek», «ulag hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň howpsuzlygy we goraglylygy bilen bagly bolan pikirleri hem-de ulagyň her bir görnüşiniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny nazara almak hem-de düzüm hajatlaryny kanagatlandyrmak we şeýle ýollaryň üpjün edýän hyzmatlary babatda kadalaşdyryjy-hukuk we institusional binýadyny döretmek, jemgyýetçilik gepleşiklerini geçirmäge ýardam etmek, zähmet howpsuzlygynyň we iş ýerlerinde saglygy goramagyň talaplaryny berjaý etmek hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin işgärler düzüminiň gender deňligini üpjün etmek» ýaly görnüşlerini görkezmek bolar.
Meselem, Rezolýusiýanyň «deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn isleglerini kanagatlandyrmak, olara gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň artmagynyň ählumumy ykdysady goşulyşyk üçin ýokary ähmiýetiniň bardygy» hakyndaky bölümine degişlilikde, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam berýän Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamany görkezmek bolar. Ýa-da bolmasa, «obaly telekeçileriň we ownuk mülkdarlaryň önüm öndürijiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berjek esasy ýollara, demir ýollara hem-de jemgyýetçilik ulaglara, şeýle hem ulag-üstaşyr merkezlerine mümkinçilik döretmek» baradaky bölümiň amalyýetde hereket edýän görnüşlerine indi ençeme ýyllar bäri biziň we birnäçe goňşy döwletleriň hyzmatynda bolan Kerki — Türkmenabat — Aşgabat, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina hem-de beýleki demir ýol ugurlary aýdyň mysaldyr.
2018-nji ýylymyz hem beýik gurluşyklaryň, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine asylly halkara başlangyçlarynyň güýçli depginde dowam etdirilýän ýyly bolar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan bu ýylda täze ugurlar boýunça ýollar çekilmek bilen türkmeniň şöhratyny dünýä tanadan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgasynyň ugrunda parahatçylyk, gyzgalaňly zähmet, mähirli, dostana gatnaşyklar höküm sürer.
Baýram BASAROW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
“Nesil” gazeti,
06.01.2018ý.












