Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet býujetiniň çykdajylarynyň aglaba böleginiň durmuş ulgamyna goýberilýändigi şeýle hem ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.
Mälim bolşy ýaly, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önümi depginli derejede ösüşe eýe boldy. 2017-nji ýylyň 29-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky mejlisinde beýan edilen maglumatlara görä, jemi içerki önümiň ösüş depgini ýylyň netijesi boýunça 6,5 göterim bolmagyna garaşylýandygy bellenilip geçildi. Bu örän oňyn görkezijidir. Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, ýene-de bir wajyp makroykdysady görkezijileriň biri bolan puluň hümmetsizlenmeginiň çaklamalara görä, durnukly ýagdaýda, takmynan 6 göterim möçberde saklanmagyna garaşylýar.
Elbetde, ýurdumyzyň şeýle berk ykdysady binýady iri möçberli maýa goýum taslamalaryny amal etmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň jemi boýunça geçirilen iň soňky mejlisinde getirilen sanlar doly şaýatlyk edýär. Hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 43 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 1660 desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
Abraýly halkara maliýe guramalarynyň çaklamalaryna görä, ýurdumyzda 2018-nji ýylda hem jemi içerki önümiň derejesihas-da ýokary derejede öser. Umuman, ýurdumyz ösüş depginleri boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary saklar.
Häzirki döwürde döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we meýilnamalaryň jemi 70-e golaýy kabul edildi we durmuşa ornaşdyrylýar. 2015-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» şeýle-de «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasynyň» amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda we eksport mümkinçiliklerini köp ugurlar bilen üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar.
2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk etmeginde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek işlerinde ýola goýlan täze bir tapgyrdyr.
Bu maksatnamada göz öňünde tutulan ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk maksatlary kesgitlenildi. Bu maksatlary üstünlikli amala aşyrmak üçin öňde duran wezipeler, esasy ýörelgeler, ileri tutulýan ugurlar we garaşylýan netijeler beýan edildi. Şeýle hem bellenilen şu maksatlary durmuşa geçirmek boýunça çäreler, şol sanda ykdysady edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ulgamyny we döwrebaplaşdyrmagyň ýollaryny kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşynda: «Siziň bilşiňiz ýaly, soňky ýyllarda dünýäde bolup geçen käbir ykdysady we syýasy wakalar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirdi. Şol ýyllar, ilkinji nobatda, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini pese düşdi. Bu bolsa geosyýasy ýagdaýlar, dünýä bazarlarynda uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň peselmegi, Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlary bolan ýurtlaryň ýeterlik derejede durnuksyz ösmegi, erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň hümmetiniň üýtgemegi, gazna bazarlaryndaky gymmatly kagyzlaryň durnuksyz ýagdaýy hem-de beýleki sebäpler bilen baglydyr. Dünýä ýurtlarynda bolup geçýän bu hadysalaryň düýpli öwrenilmegi Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk maksatlaryna we wezipelerine düzedişleri girizmek üçin aýratyn ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi doly peýdalanmak wezipesi öňde goýuldy. Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek bellenildi. Bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işini güýçlendirmek göz öňünde tutuldy» diýip belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan maksatnama bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä ülňüleriniň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýeti özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etdirmekden ybaratdyr.
Nurýagdy AÝNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
04.01.2018ý.












