HAZAR - DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK MERKEZI

Häzirki wagtda gojaman Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni barha özüne çekýär.

Awgust aýynyň ilkinji ongünlügi dünýä jemgyýetçiliginiň aglaba böleginiň ünsüni ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemlendi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda bu ýerde BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi.

Bu iri halkara foruma hem-de onuň çäklerinde guralan ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet baştutanlary we ýokary derejeli wekilleri, kiçi ada döwletleriniň 47-siniň, az ösen ýurtlaryň 49-synyň ýokary derejeli wekiliýetleri, Birleşen Milletler guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, şeýle-de birnäçe halkara, sebit guramalaryň, maliýe institutlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň, hususy pudagyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Her on ýyldan geçirilýän bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi özboluşly syýasy mazmuny emele getirýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen bütin dünýä we ýurdumyzda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şol mazmuny emele getirýän uly wakany taryha ýazdy. Awazada geçirilen forum oňa gatnaşýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, çözgütleri öwrenmek hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredildi.

Biz ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 28 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

13 Awgust 2025 | 33 okalan

ARMYT BARADA

13 Awgust 2025 | 40 okalan

SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY