Türkmenistanyň hünärmenleri 17 – 30-njy iýul aralygynda Hytaýyň Týanzin we Şenžen şäherlerinde geçirilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy üçin niýetlenen senagat seýilgähleriniň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Okuw maslahaty Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň goldawy bilen TEDA (Tianjin Economic-Technological Development Area – Týanzin ykdysady-tehniki ösüş zolagy) tarapyndan guraldy.
Bu çäre gurluşyk we dolandyryş ulgamynda işleýän ýaş hünärmenleri hem-de degişli ugurlar boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekillerini bir ýere jemledi.
Okuw maslahatyna Türkmenistandan bäş wekil: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden iki wekil, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden iki wekil, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy gatnaşdy.
Maslahatyň meýilnamasynda tematik pikir alyşmalar, tanyşdyryş sapaklar, şeýle hem Hytaýyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýän Týanzin we Şenžen şäherlerindäki erkin ykdysady zolaklaryna baryp görmek boýunça okuw sapaklary geçirildi.
Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar häzirki zaman senagat zolaklarynyň gurluşygynda ulanylýan öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, gurluşyk taslamalarynyň taýýarlanylyşy we sanly dolandyryş ulgamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenlerine ekologiýa taýdan jogapkär senagat meýdançalarynyň taslamalary, ýaşyl tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we zyňyndylara gözegçilik ulgamlary görkezildi. Hytaýda senagaty ösdürmegiň daşky gurşawy goramak bilen deňagramlylykda alnyp barylýandygy, ekologik howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleriniň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylarda senagat zolaklaryň binagärlik we şähergurluşyk taýdan gurnalyşy aýratyn täsir galdyrdy. Bu meýdançalar funksional zolaklara bölünişi, ulag elýeterliligi, şäher gurşawynyň amatlylygy we binagärlik taýdan özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, önümçilik, ýaşaýyş we işewürlik zolagynyň bir bitewi şäher giňişligine utgaşdyrylyşy görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylara Hytaýyň erkin ykdysady zolaklary ösdürmekde gazanan üstünlikli tejribesi görkezildi. Hut şu zolaklaryň döredilmegi netijesinde, Hytaý senagat ösüşini çaltlandyryp, transmilli kompaniýalary çekip, täze tehnologiýalary özleşdirip we eksport mümkinçiliklerini artdyryp bildi.
Türkmen hünärmenleriniň belleýşi ýaly, maslahatyň dowamynda bu ugurdaky esasy taraplary we üstünlikli netijeleri, häzirki zaman şäher gurluşygynda durnukly ösüş ýörelgelerini ulanyp durmuşa geçirilýän binagärlik we gurluşyk taslamalarynyň mysallaryny, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri we pudak hünärmenleri bilen halkara gatnaşyklaryny giňeltmegi başardylar.
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň iň täsirli ösüş nusgalarynyň biri bilen tanyş bolan türkmen hünärmenleri täze tejribe, bilim we hünär başarnyklaryny gazandylar. Bu mümkinçilikler bolsa geljekde ýurdumyzyň binagärlik we gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion çözgütleri taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipeleri çözmekde peýdaly bolar.
turkmenistan.gov.tm