Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynda özboluşly alginat kompozisiýasyny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa döredildi. Onuň aýratynlygy, Hazar deňzinde ösýän gök-ýaşyl we goňur suwotularyň çig mal hökmünde ulanylmagydyr.
Goňur suwotularyndan alynýan alginatlar biologik taýdan uýgunlygy we gel emele getirmek ukyby sebäpli azyk, derman we kosmetika senagatynda giňden ulanylýar. Täze işlenip düzülen birleşme olaryň düzümine gök-ýaşyl suwotulary goşmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa serişdäni gymmatly birleşmeler bilen baýlaşdyrýar.
Barlaghananyň müdiri Altyn Rahmanowanyň bellemegine görä, bu täze tehnologiýa bioserişdäniň häsiýetlerini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Alginat biodegrirlenýän esas hökmünde hyzmat edýär, gök-ýaşyl suwotularyň düzüm bölekleri bolsa antioksidant, çişmä garşy işjeňlik we kislorod çykarmak ukyby ýaly terapewtik häsiýetleri goşýar.
Täze birleşme biolukmançylykda, aýratyn-da ýaralary bejermek we dokuma inženeriýasynda ulanmak üçin niýetlenendir. Kislorodyň işjeň bölünip çykmagy bolsa gaýtadan dikeldiş ýagdaýyny ep-esli çaltlaşdyryp biler. Mundan başga-da, bu işlenme azyk we kosmetika senagaty üçin giň mümkinçilikleri berýär.
Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinden täze görnüşli derman serişdeleriniň öndürilmegi «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy ugurlarynyň biridir.
turkmenistan.gov.tm