GELIŇ, ABADAN ÝOLUMYZDA ASUDALYGY GORALYŇ

Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 16-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi bilen etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda, etrabyň 16-njy çagalar  bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda «Geliň, abadan ýolumyzda asudalygy goralyň» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik körpe nesilleriň ýol belgilerini tanamakda we ýol hereketini yşyklandyryjynyň buýruklaryny, dürs ýerine ýetirmekde ýaryşdylar. Şeýle-de körpeler ýol hereketiniň düzgünlerini ýatda galyjy, ýeňil usulda öwrendiler.

Bäsleşigiň ahyrynda körpe nesiller türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülzar BEKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň Dostluk şäher

bölümçesiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 32 okalan

HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

07 Noýabr 2025 | 79 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 143 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI