HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

Täze taryhy zamanada halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem uly üstünliklere taryhy wakalara beslenýär. Ine şeýle şanly seneleriň, baýramlaryň iň naýbaşylarynyň biri hem her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýydyr.

Golaýda, Lebap welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmeniň ak öýi binasynyň öňünde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çäresi giňden bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, saglygy goraýyş we sport, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulylar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu baýramçylyk ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar.

Dabarada zergärçilik we haly önümleriniň, gök we bakja önümleriniň, galla önümleriniň, dermanlyk çaýlarynyň sergileri guraldy. Sport oýunlary, pälwanlaryň tutluşyklary, folklorlaryň çykyşlary, çagajyklaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary şatlyk-şowhuny bilen tapawutlandy. Dürli hilli türkmen milli tagamlary taýýarlanyldy. 

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ogulsapar JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 4 okalan

HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

07 Noýabr 2025 | 59 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 126 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI