Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-nyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýat Kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde «Ýaşlar syýasaty – täze eýýamyň ganaty, forum beýik gelejegiň ak bagty» atly maslahat çäresini geçirdi. Maslahat çäresinde çykyş edenler geçiriljek foruma görülýän guramaçylyk işleri barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Döwrümize ýaň saljak bu ajaýyp forum Watanymyzyň bagtyýar Ýaşlaryny has-da uly buýsanç bilen ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmana ruhlandyrar.
Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.