ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Görogly etrap häkimligi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap Medeniýet bölümi bilen bilelikde Görogly etrap Medeniýet öýünde «Belent-belent sepgitlere ýetilýär, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, ýylymyzyň şygarynyň mazmunyny halk köpçüligine wagyz etmek, ýylyň dowamynda döwlet derejesinde we halkara derejede gazanylýan üstünliklerimizi mynasyp belläp geçmek maksady bilen guralan dabara etrabyň bilim, saglyk, sport we medeniýet ulgamlarda zähmet çekýän işgärler, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabarada Görogly etrap Medeniýet bölüminiň işgärleri ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilýän belent sepgitleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary, milli tanslary, folklor çykyşlary, aýdym-sazly kompozisýalary ýerine ýetirdiler.

Begenç GARAMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 16 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 6 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY