«MERDANA NESIL – 2025» ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ GÖROGLY ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň hem-de Görogly etrabynyň bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap tapgyry geçirildi.

Şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryna bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan merdana nesiller gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan okuwçy oglanlar, bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasynda bellenen şertlere görä, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna bolan belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzykly, şatlykly pursatlara beslenip geçen şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrynyň jemi jemlenip, netijeler yglan edilende Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Daşary ýurt dillerine  ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Jepbar Allaberdiýew  I orna, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Garaja Garajaýew II orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda onuň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi hem-de Görogly etrabynyň bilim bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Güljemile AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.