«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ KÖNEÜRGENÇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň we Köneürgenç etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Merdana nesil – 2025» atly  şadyýan bäsleşigi geçirildi.

Ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesiliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan okuwçy oglanlar öz aralarynda bäsleşigiň şertlerine laýyklykda bäsleşip, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, ata Watanymyzy, eziz Diýarymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň gözelligini, ösüşlerini wasp etdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň döredijilik ukybyna, sahna medeniýetine aýratyn üns berdiler. Netijede, çekeleşikli hem, gyzykly geçen bäsleşikde I orna Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 52-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Hanow  Hezret, II orna Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Işangulyýew Hoja, III orna Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 24-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Öregeldiýew Nuraly mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şadyýan bäsleşiginde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşan bagtyýar okuwçy ýaş nesiller, döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.