6-njy iýuldan 17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň topary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda okuw- önümçilik tejribeligini geçýärler.
Bu çärä gatnaşmak üçin Daşkent şäheriniň ýokary okuw mekdebine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy we 10 talyby, şeýle hem oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy we 10 talyby iberildi.
Okuw-önümçilik tejribeliginiň baş maksady talyplaryň nazary bilimlerini iş ýüzünde berkitmekden, özara tejribe alyşmakdan, hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Biziň talyplarymyz we mugallymlarymyz üçin özbek kärdeşleri tarapyndan bilim we medeni ähmiýetli baý maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde olar Daşkent institutynyň taryhy we häzirki işleri, onuň ýurduň oba hojalygynyň ösüşine goşandy bilen tanyşdylar. Ildeşlerimiz ýokary okuw mekdebiň okuw binalaryna, barlaghanalaryna, muzeýine, sport meýdançalaryna baryp gördüler.
Özbegistandaky ylym-bilim çärelerine işjeň gatnaşyjy, Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň professory Ilhom Begmatow hem-de ýokary okuw mekdebiň beýleki mugallymlary türkmenistanlylar bilen oba hojalygynda irrigasiýa, mehanizasiýa we inženerçilik ulgamyndaky öz nazary we amaly tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle hem türkmen wekilleri Daşkendiň ylym we bilim edaralaryna, oba we suw hojalygy desgalaryna, taryhy-medeni ýadygärliklerine bardylar. Saparyň çäklerinde olar talyplaryň okuwlaryny guramak hem-de onuň netijelerini seljermek üçin «Smart Solutions System» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň döwrebap sanly ulgamy bilen tanyşdylar. Tejribeligiň geçişiniň dowamynda özbek hünärmenleri ýurduň suw hojalygynda peýdalanylýan enjamlar, «akylly» tehnologiýalar we suw ölçeýji abzallar barada giňişleýin gürrüň berdiler.
25-nji iýundan 4-nji iýuly aralygyndaky döwürde Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplarynyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde şunuň ýaly okuw-önümçilik tejribeligini geçendiklerini bellemek gerek.
Türkmenistana gelen özbek toparynyň düzüminde institutyň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy we 5 talyby, şeýle hem oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy we 10 talyby bolupdy.
Okuw-önümçilik tejribelikleri 2018-nji ýylyň aprelinde iki dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde guraldy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleriniň belleýişleri ýaly, şeýle tejribelikler dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde hem-de oba hojalyk bilimi babatda gymmatly tejribe alyşmakda örän netijeli bolup durýar.
turkmenistan.gov.tm