Londonda geçirilen Wimbeldon Ýokary derejeli ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň (FTT) başlygy, Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Dowletow bilen Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyp, FTT bilen ITF-iň arasynda özara hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň taýýarlanylyşy barada maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň habar bermegine görä, gol çekilmegine garaşylýan bu resminama dünýäniň 213 milli tennis guramalaryny birleşdirýän abraýly halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň Aşgabat şäherine bolan sapary munuň üçin güýçli itergi boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň mart aýynda Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polski bilen bilelikde ilkinji gezek Türkmenistana geldiler. Iki günlük saparyň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, duşuşykda ITF we ATF sporty höweslendirmek we goldamak, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini döretmek babatynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşykda Dewid Haggerti ýurdumyzda tennisi ösdürmekde gazanylan üstünlikleri üçin döwlet Baştutanyna ITF-iň tennis boýunça ösüşe goşan goşandy üçin ýörite şahadatnamany gowşurdy.
Şol ýylda hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumy Aziýa Tennis Federasiýasy tarapyndan «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» hökmünde ykrar edildi. Iýun aýynyñ 1-ne geçirilen dabarada ITF-niň Aziýada tennis ösüşi boýunça wekili Seýedamir Borgeýi tarapyndan şahadatnama gowşuryldy.
Ýakyn wagtda gol çekilmegine garaşylýan Ähtnamada türkmen türgenleriniň dünýä tennisine mundan beýläk-de goşulyşmagy, Türkmenistanda hünärmen tälimçileriň köpelmegi, hünärmenleriň alyş-çalşygy we halkara hünärmenleriniň we tälimçileriniň Türkmenistan milli ýygyndysynyň taýýarlyk işlerine gatnaşmagy üçin şertnamalaýyn ädimler bolar diýlip garaşylýar.
ITF-iň prezidenti Dewid Haggerti türkmen tälimçileriniň uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, 4–15 awgust aralygynda Aşgabat şäheriniñ Olimpiýa şäherçesiniň «Tennis toplumunda geçirilmegi meýilleşdirilýän «ITF Level 2» derejeli sebit okuw-maslahatyna taýýarlyk görülmegine aýratyn üns berdi. Forum sebit tälimçilerini we 12 günüň dowamynda iň oňat ITF hünärmenlerinden nazary we amaly tälim aljak 12 türkmen hünärmenini birleşdirer.
Duşuşyga şeýle hem ITF-iň menejeri Tim Jons gatnaşdy. Ol ýylyň dowamynda türkmen tennisçileri tarapyndan gazanylan üstünlikleri aýratyn belläp geçdi. Iýun aýynda Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilen 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionatynda türkmen gyzlar topary üstünlikli çykyş edip, ilkinji gezek Singapurda 25–30 awgust aralygynda geçiriljek Aziýanyň toparlaýyn çempionatynyň finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Mundan başga-da, zenanlar ýygyndy toparymyz Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen Billie Jean King Cup (Group III Asia/Oceania) sebitleýin ýaryşynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem erkekler ýygyndy toparymyz Türkiýäniň Manawgat şäherinde ilkinji gezek gatnaşan «ITF Master’s World Team Championship» halkara ýaryşynda dünýäniň iň güýçli sekiz toparyň hataryna girmegi başarmagy – türkmen tennisiniň taryhynda möhüm waka boldy. ITF-iň wekili türkmen tennisçileriniň başga-da birnäçe şahsy ýaryşlarda gazanan üstünliklerini belläp geçdi.
turkmenistan.gov.tm