Säher turup maşk etmek, arassa howada pyýada we welosipedli gezelenje çykmak, ylgamak ynsan saglygyny berkidýän peýdaly endiklerdir. Hepdede bir sapar sport zalyna gatnamak, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň bedenini we ruhuny sagdynlaşdyryp, köp keselleriň öňüni almaga, ünsüni we ýatkeşligini kämilleşdirmäge, fiziki işjeňligi ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykrar eden sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda giňden ornaşýar. Mähriban Diýarymyzda sport ulgamy ýokary depginde ösýär. Köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketlerine giň gerim berilýär. Ussat türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi barha kämilleşýär. Obadyr şäherlerde döwrebap sport desgalarynyň, halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlaryň, bedenterbiýe sagaldyş toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ähli künjeginde sportuň her bir raýat üçin elýeterli bolmagyna, sport bilen meşgullanmak isleýän adamlaryň sanynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Netijede jemgyýetimiziň, hususan-da ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasy artýar. Munuň özi geljekde jemgyýetimiziň has-da sagdyn bolmagyna, sagdyn hem ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär.
Häzirki gün türkmen sport ussatlary dürli ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezýärler. Munuň özi ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.