Gruziýanyň Batumi şäherinde başlanan küşt oýny boýunça zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionaty ýer ýüzündäki iň güýçli küştçüleriň 107-sini bir ýere jemledi. Bu ýaryşa taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekili, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň 19 ýaşly öňbaşçysy, zenanlar arasynda FIDE ussady Läle Şöhradowa (FIDE görkezijisi – 2135) gatnaşýar.
Ol bu abraýly ýaryşa gatnaşmak hukugyny 2024-nji ýylda geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň «C» derejesinde üstünlikli çykyş edip, toparlaýyn ýaryşda birinji orny eýelemegi netijesinde gazandy.
Küşt ýaryşlarynyň köpüsinden tapawutlylykda dünýä çempionaty olimpiýa (utulan çykmaly) ulgamy boýunça geçirilýär we 7 tapgyr dowam edýär. Her tapgyrda iki sany nusgawy döw oýnalýar (her göçüm üçin 30 sekunt goşmak bilen, 40 göçümden 90 minut + 30 minut). Utuklar deň bolsa, gysgaça goşmaça wagt berilýär: rapid görnüşi boýunça (15 minut + her göçüm üçin 10 sekunt), soňra ýeňiji kesgitlenýänçä, blits görnüşi boýunça geçirilýär (5 + 3 we 3 + 2).
Bije birinji tapgyrda 90 san bilen belgilenen ildeşimiziň garşydaşy diýip, hindistanly halkara ussat Agrawal Wantikany (23 ýaşly, görkezijisi – 2388, ýaryşda 39 san bilen belgilenen) çykardy.
Küşt oýny boýunça zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionaty FIDE tarapyndan erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna meňzeşlikde 3-nji gezek geçirilýän täze bir ýaryşdyr. Zenanlaryň arasyndaky ilkinji dünýä çempionaty 2021-nji ýylda Soçide geçirildi, şonda Aleksandra Kostenýuk (Russiýa) ýeňiş gazandy. 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Bakuw şäherinde geçirilen mundan öňki dünýä çempionatynda ýene-de rus zenany Aleksandra Gorýaçkina ýeňiji boldy.
Dünýä Kubogyny gazanan küştçi Halkara küşt federasiýasyndan (FIDE) 50.000, finalçy 35.000, bürünç medal gazanan bolsa 25.000 ABŞ dollary möçberinde baýrak alar.
Abraýly baýrakdan başga-da, Dünýä Kubogynda dalaşgärler ýaryşyna gatnaşmaga hukuk berýän üç ýer ugrunda bäsleşerler, bu bäsleşigiň ýeňijisi dünýä çempiony diýen at ugrunda bir oýun oýnar. Şu ýerde bir zady bellemelidiris: A.Gorýaçkina we hytaýly Çžu Sziner 2024-2025-nji ýyllaryň baş baýragyny almaklary netijesinde eýýäm şeýle ýerlere eýedirler.
FIDE-niň erkekleriň arasyndaky dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabry bilen 28-nji noýabry aralygynda geçiriler (geçiriljek ýeri anyklanýar). Oňa Türkmenistandan ýurdumyzyň erkekler ýygyndy toparynyň öňbaşçysy, halkara grossmeýster Saparmyrat Atabaýew gatnaşar. Onuň bu ýaryşa gatnaşmagy 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen Bütindünýä küşt Olimpiadasynda erkekler ýygyndy toparymyzyň üstünlikli çykyş etmegi netijesinde mümkin boldy. Toparymyz «B» derejesinde kiçi altyn medal gazanyp, umumy sanawda 24-nji ýeri eýeläpdi.
2015-nji ýylda Azerbaýjanyň Bakuw şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan eýýäm halkara grossmeýster Ýusup Atabaýewiň gatnaşandygyny ýatladýarys. Ol birinji tapgyrda dartgynly geçen gysga goşmaça wagtda küşt oýnunyň çalt görnüşi boýunça dünýäniň üç gezek çempiony, russiýaly grossmeýster Aleksandr Grişşukdan asgyn gelenem bolsa (umumy hasap 3:5), güýçli oýun görkezdi.
turkmenistan.gov.tm