«Witebsk» futbol kluby Belarusyň kubogy ugrunda geçirilen 1/16 final duşuşygynda »Dnepri» 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy.
Oýun Mogilýowda geçirildi. Duşuşykda ýeke-täk goly 6-njy minutda türkmen goragçysy Wepa Jumaýewiň netijeli pasyndan soň, «Witebsk» futbol klubynyň hüjümçisi Ruslan Tewerow geçirdi.
Jumaýew toparyň başlangyç düzüminde oýna çykyp, tutuş duşuşygy meýdançada geçirdi. Klubyň 24 ýaşly goragçysy Aşgabadyň futbol tälimçileriniň ýetişdiren oýunçysy bolup, ol häzir Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda çykyş edýär.
Türkmen legioneri «Witebsk» futbol klubyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda goşulyp, 2025-nji ýylyň dekabr aýyna çenli şertnama baglaşdy. Häzirki möwsümde ol Belarusyň çempionatynda 14 oýun we ýurduň kubogynda 4 duşuşyk geçirdi. «Transfermarkt» bilermenler portalynyň maglumatlaryna görä, Jumaýewiň transfer bahasy 100 müň ýewro diýlip baha berilýär.
turkmenportal