BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDY

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 1-nji «Gunça» çagalar bakja bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda çagajyklaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen «Altyn jüýje» ady bilen sahna oýunlary görkezildi.

Bu sahnalaşdyrylan eserleriň üsti bilen çagalara edepli-tertipli bolmak, şeýle-de özüňi göreldeli alyp barmak ündelýär.

Sahna oýunlaryň ahyrynda ýaş nesiller barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dünýägözel HAÝTEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 74 okalan

HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

07 Noýabr 2025 | 109 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 229 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI