Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Köýtendag etrap Geňeşi, Köýtendag etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary we medeniýet işgärleri şeýle hem “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Näz-nygmatly desterhan» atly telegepleşigiň täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlarymyzyň esasynda hem-de «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, gelin-gyzlarymyzyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli tagamlary we işdäaçarlary taýýarlanyldy. Mundan başga-da ajaýyp döwrümizi wasp edýän gelin-gyzlarymyzyň joşgunly goşgy setirleri, dutar astyndaky aýdymlar çäräniň mazmunyny has-da artdyrdy.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, hünär eýeleri bolmagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan.
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünarmeni.