SPORT KÄMILLIGE BADALGA

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 23-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlarynyň arasynda «Sport kämillige badalga» atly sportuň küşt görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.Geçirilen bäsleşikde ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Gunça HATAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy

hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 13 okalan

TÜRKMEN KEÇESI – GÖZEL SUNGAT

16 Iýul 2025 | 90 okalan

BITARAPLYK WATAN ASUDALYGYŇ BERKARARLYGY