HANY BAKALY, GYZLAR!

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda, Halkara Nowruz güni mynasybetli, mekdebiň talyp gyzlarynyň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, “Hany bakaly, gyzlar!” ady bilen aýdym-sazly bäsleşik geçirildi.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary düzgünnama laýyklykda, 5 şert boýunça erjellik bilen bäsleşdiler. Bäsleşik örän ýokary guramaçylykly geçirilip, ol talyp gyzlarda uly gyzyklanma döretdi we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijelerine görä, 1-nji orna ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy, 2-nji orna sanly ykdysadyýet, 3-nji orna bolsa, ykdysadyýet we önümçiligi guramak hünärleri mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we mekdebiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda zenan mertebesine uly hormat-sarpa goýýan we gelin-gyzlaryň milliligimiz bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Mekan ANNAÝEW,

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 126 okalan

YKDYSATÇYLAR BÄSLEŞDILER

09 Oktýabr 2025 | 109 okalan

ZENANLAR – WATANYMYZYŇ MERTEBE TUGY

09 Oktýabr 2025 | 101 okalan

ASYRLARYŇ ÝAŇY BARDYR GADYMY KÖNEÜRGENÇDE