Türkmeniň milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni halk bilen, gadymy geçmiş taryhymyz bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Bahar paslynyň gelmegini mydama-da ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşdyrypdyrlar, ol täzeden döreýşiň alamaty hökmünde özi bilen diriligi we şatlygy getirýär. Şonuň üçin bahar baýramy diňe türkmenleriň ata-babalarynda däl, eýsem beýleki Gündogar halklarynda hem esasy we söýgüli baýramlaryň biri bolupdyr. Omar Haýýamyň “Nowruznamasynda” bu baýramçylygyň däp-dessury bilen dürli wakalar, rowaýatlar, taryhy hakykat beýan edilýär. Şu ýerde bellemeli zatlaryň biri, Nowruz baýramçylygynda geçirilen däp-dessurlar, oýunlar şu günki günlerde hem öz beýanyny tapýar.
Nowruz täze günüň, täze ýylyň, täze durmuşyň we ösüşiň baýramydyr. Bu baýram beýleki baýramlardan tapawutlylykda ýeriň – tebigatyň baýramydyr. Ýaňy dünýä gelen bäbegiň hemmeleri begendirişi ýaly, bahar döwründe hem ähli zat janlanyp, otlar maýsalap, güllerini açýarlar, agaçlar janlanýarlar, guşlar saýraýarlar, şeýdibem özüniň dünýä täzeden gaýdyp gelendigini jar edýärler.
Nowruzda ösümliklerden taýýarlanýan naharlara aýratyn üns berýärler. Bar bolan däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmaly, ýagny däneli ösümlikleriň ýedi görnüşinden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanmaly. Taýýarlanýan tagamlar: semeni ýa-da sömelek (bugdaýyň ösüntgisinden taýýarlanýar), nowruz ýarma (üwelen bugdaýdan taýýarlanan aş), unaş, köje, meşeke (mäş çorba), süýtlaş (tüwiniň süýtde bişirilmesi).
Nowruzda adamlar öýke-kinelerini unudýarlar, parahatçylykly we ylalaşykly ýaşamak üçin bir ýere ýygnanyp, bile naharlanýarlar, bile şatlanýarlar, birek-birege sowgatlar berýärler, täze egin-eşik geýýärler, mätäçlik çekýänlere kömek edýärler.
Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa, 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.
Görşümiz ýaly, türkmen milli baýramlary halkyň ýatdan çykmajak gymmatlyklaryny özüne siňdiripdir. Hatda biziň günlerimize gelip ýeten gadymy baýramçylyk däpleri özlerinde jemgyýetçilik raýdaşlygyny we sazlaşygyny saklap gelipdirler, çünki olaryň aňyrsynda ýagşylygyň, adyllygyň asyrlaryň synagyndan geçen ahlak kadalary gizlenip ýatandyr.
Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag
şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.