ABADAN HEM SAGDYN ÝAŞAÝYŞ

Halkymyz hemmetaraplaýyn ösen, dünýä derejesinde ýokarky basgançaklardan orun alan döwletde ýaşaýar. Bu ugurda  alnyp barylýan her bir iş ösüşe gönükdirilen derwaýys meseleleriň özeninde jemlenýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki gepleşikler hem ösüş ýolundaky ynamly ädimdir. Döwlet baştutanymyz maliýe­ykdysady toplumynyň edaralarynda we guramalarynda, gurluşyk ulgamynda, ýangyç-­energetika toplumynyň pudaklarynda,ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, obasenagatda amala aşyrylan we häzirki wagtda ýokary depginler bilen dowam edýän işleriň barşy
bilen tanşyp, bu babatda ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga­da mejlisiň dowamynda ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi däbe öw­rü­len “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy —ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga görülýän taýýarlyk çäreleri barada durlup geçildi. Sentýabr aýynyň 1­30 aralygynda
paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda okuw mekdeplerinde hem­de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda dürli düşündiriş­ wagyz hä­siýetli çäreler, maslahatlar, ýörite bäsle­şikler we beýlekiler geçirmeklik meýilleş­dirilýär. Şeýle çäreleriň esasy maksady ýol-­ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň — py­ýa­da­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa sürüjileriň bellenen kadalary berk berjaý etmeginiň zerurdygyny düşündirmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz däbe öwrülen bu çärä ýurdumyzyň ýollarynda ýol-­ulag hadysalarynyň sanynyň ep-­esli azalmagyna, ýollarda özüňi alyp barmagyň  medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam edendigini, munuň jemgyýetimiziň we döwrümiziň bähbitlerine doly la­ýyk gelýändigini belledi şeýle hem ilatyň,esasanda ýaş nesliň arasynda düşündiriş işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny, degişli düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmagyny, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün bolmagyny ýatlatdy.

«Aşgabat 2017» oýunlary barha ýakynlaşýar. Hormatly Prezidentimiz geçiriljek bu taryhy sport baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeklige ünsi çekdi. Olarda halkymyzyň bagtyýarlygy, myhmansöýerlik,ynsanperwerlik ýaly asylly däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik pullar toplumyny çykarandygy barada aýdylyp, olaryň nusgalary hormatly Prezidentimize görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik şaýy pullarynyň nusgalaryny makullap, olaryň Türkmenistanda geçiriljek sebitleýin sport ýaryşlary barada özboluşly ýadygärlik sowgat boljakdygyny belledi.

“Nesil” gazeti,

12.08.2017ý.

Meňzeş habarlar