Dostluk daragty gül açýar

Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynda iki günlük iş saparynda boldy.

 Dostlukly ýurtda resmi adamlar tarapyndan hormat bilen garşylanan milli Liderimiziň ulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zadulba” kabulhanasyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak däbi giňden öz beýanyny tapdy. Garşylaýyş dabarasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mübärek sözleri, kabulhananyň öňündäki meýdançada düzülen Hormat garawulynyň başlygynyň hasabaty, iki döwletiň Döwlet senalarynyň ýaňlanmagy, Gahryman Arkadagymyzyň ýurduň resmi adamlary bilen tanyşdyrylmagy — bularyň barysy dost-doganlyk däpleriniň dowamatdygynyň nyşany boldy. Soňra Azerbaýjan topragynyň döwlet Baştutany hormatly Prezidentimizi sarpa bilen kabulhana çagyrdy. Kabulhanada iki ýurt üçin hem il bähbitli, ýurt ähmiýetli gepleşiklere giň ýol açyldy.

 Gepleşikde milli Liderimiz ýurtlaryň ikisiniň hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin uly iş alyp barýan halkara guramalary bilen ýakyn gatnaşyk edýändikleri barada belledi. Gahryman Arkadagymyz ilkinji nobatda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselesi barada durup geçdi. Dürli ugurlarda, şol sanda energetika we ulag ulgamlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Taryhy-medeni we ruhy umumylyga esaslanýan ýörelgeleriň ösdürilip, geljekki ýaş nesillere ýetirmek hakyndaky meselä aýratyn ähmiýet berdi. Hormatly Prezidentimiz iki halkyň arasyndaky dostana gatnaşyklary pugtalandyrmakda halkara derejeli çäreleriň we baýramçylyklaryň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda Hazar deňziniň meselelerini orta atdy. Hazar deňzinde ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Hazar deňzini parahatçylygyň, agzybirligiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň akabasyna öwürmegi teswirledi. Hormatly Prezidentimiz iki döwletiň täjirçilik bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek babatda giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Baku şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bolsa, Azerbaýjan Respublikasynyň Söwda öýüni açmak barada oýlanmaga çagyrdy.

 Azerbaýjan Respublikasynyň ýurt Baştutany öz gezeginde hormatly türkmen Lideriniň aýdan tekliplerine tüýs ýürekden goşulýandygyny, Azerbaýjan halkyna arzuw eden gowulyklary üçin, minnetdarlyk bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dostlukly ýurtlaryň Prezidentleri strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama, şeýle-de dürli ugurlar boýunça Ylalaşyklara gol çekdiler.

“Nesil” gazeti,

10.08.2017ý.

Meňzeş habarlar