Sport diplomatiýasynyň dabaralanmasy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja günler galanda biziň her birimizi toý şatlygy, baýramçylyk ruhy gurşap alýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçen hepdede geçiren döwletli maslahatlaryna, ýurdumyzyň taryhynda bolup geçen wakalara syn edenimizde hem bu taryhy pursatlaryň gymmatyna düşünýäris.

 “Aşgabat 2017-niň” başlanmagyna az wagtyň galmagy bilen baglylykda bu iri sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barha ýygjamlaşýar. Hormatly Prezidentimiz 31-nji iýulda welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde “Aşgabat 2017-niň” guramaçylykly geçirilmegine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz hususan-da paýtagtymyza myhman boljaklaryň ählisiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň ýollardaky gatnawlarynyň sazlaşykly guralmagy, azyk önümleri we söwda hyzmatlary bilen ýokary derejede üpjün edilmegi, myhmanlaryň myhmansöýerlik bilen garşy alynmagy ýaly meseleleriň iň kämil görnüşde çözülmegi bilen bagly anyk tabşyryklar, görkezmeler berdi. Ýaryşlaryň geçýän ýerlerinde dürli harytlaryň şol sanda milli sowgatlaryň we ýadygärlik sowgatlyk önümleriň söwdasyny gurnamak, Olimpiýa şäherjiginiň golaýynda söwda merkezleriniň işini gije-gündizleýin ýola goýmagyň talabalaýyk boljakdygyna hem garaldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bolsa “Aşgabat 2017-niň” oýunlaryna gatnaşyjylaryň iýmit üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagy üçin aýratyn tabşyryklar berildi. Şonuň ýaly hem azyk önümleriniň talabalaýyk saklanyşyna gözegçilik etmek babatda Döwlet arassaçylygyň we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy borçly edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklarynyň ählisi “Aşgabat 2017-niň” ýokary derejede geçirilmegini şertlendirýär.

 Geçen hepdede Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işlerinde ýene bir täzelik boldy. «Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi» (UDAC) öz işine başlady. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň türgenlerine, Milli Olimpiýa Komitetleriniň resmi adamlaryna, eminlere, meýletinçilere, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, halkara habar beriş serişdeleriniň wekillerine geljekki ýaryşlara gatnaşmak üçin resmi tassyknama bermek bilen meşgul bolýan merkeziň işleriniň uly gyzgalaň bilen başlananlygy juda guwandyrýar. Dünýä ýüzünden toparlaryň 60-dan gowragynyň gatnaşmagynda geçiriljek “Aşgabat 2017” barha uly şowhuna we dabara beslenip golaýlaşýar. Paýtagtymyzyň her daban ýerini baýramçylyk lybasyna besläp gelýän bu iri sport baýramçylygy mynasybetli şäheriň ulag ugurlary boýunça birbada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai New Super Aero City” kysymly täze awtobuslarynyň 200-si we Ýaponiýanyň “Toýota Corolla” kysymly taksileriniň 100-si çykaryldy. Binalary we şaýollary bilen beslenýän paýtagtymyzyň aýna ýaly ýollaryndan geçjek bu akja ulaglar Aşgabadyň ajaýyp görküne görk goşup, ildeşlerimize we myhmanlara öz hyzmatlaryny hödürleýär. Ak guw ýaly awtobuslaryň, ak guş ýaly taksileriň hyzmatyndan peýdalanan ildeşlerimiziň olaryň howpsuzlygy, amatlylygy hakynda uly şatlyk bilen gürrüň etmekleri Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşan ajaýyp ulaglaryň ildeşlerimize toý şatlygyny paýlandygyndan habar berýär.

 Hormatly Prezidentimiziň 17-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň badalga almagyna 30 gün galmagy mynasybetli awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň baýramyny hem şol günde bellemek, şeýle hem şol güni ýene bir ekologiýa çäresi bilen utgaşdyryp, paýtagtymyzda awtoulaglaryň hereketini çäklendirmek bilen bagly aýdan teklibi uly goldaw tapdy. Şol gün paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlanar, şeýle hem birnäçe binalaryň açylyş dabaralary bolar. 29-njy iýulda geçirilen awtoulaglaryň hereketini çäklendirmek güni hem örän täsirli geçdi. Nesip bolsa, 17-nji awgustda hem ildeşlerimiziň şunuň ýaly agzybirlik hem işjeňlik bilen gatnaşyp, baýramçylyk şatlygyny artdyrjakdyklaryna ynanýarys.

 Geçen hepdäniň dowamynda bolan möhüm wakalaryň biri-de 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň söweşjeň taýýarlygy barlamak maksady bilen ýarygijeden soň, Ýaragly Güýçleriň käbir bölümleriniň şahsy düzümini duýdansyz aýaga galdyrmagy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmegi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen serhet galasyna baryp, goşun düzümine gelip gowşan öňdebaryjy enjamlar bilen tanyşmagy, ok atyş ýaraglarynyň täze görnüşleriniň käbirleriniň mümkinçiliklerini barlap, nyşana dogry atmagyň ussatlygyny şeýle hem sowuk söweşjeň ýaraga erk etmek başarnygyny görkezmegi ýaş harby esgerler üçin unudylmaz görelde boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýetginjeklik ýyllaryndan başlap, sport bilen meşgullanmagy netijesinde häzirki wagtda hem harby türgenleşigiň ýokary bolmagyna ýardam edýär.

 Hormatly Prezidentimiz Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Ýaragly güýçleriniň we beýleki harby düzümleriniň harby-hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak we harby gullukçylar üçin döredilýän şertleri barha gowulandyrmak barada aýratyn nygtady. Golaýlap gelýän “Aşgabat 2017-niň” geçiriljek günlerinde oňa gatnaşjak myhmanlaryň we ildeşlerimiziň rahatlygyny, howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň wajyp wezipe bolup durýandygyny nygtan hormatly Prezidentimiz bu babatda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine ýokary ynam bildirýändigini beýan etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz “Türgen — 2017” atly tälim okuw türgenleşigini synlady.

 Geçen hepdede ýurdumyzyň taryhynda möhüm wakalar bolup geçdi. Bu wakalary ýakyndan synlamaga mümkinçilik alan ýaşlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň her bir hereketi, her bir sözi gyzyldan-gymmatly göreldä öwrüldi. “Aşgabat 2017-niň” başlanmagyna az wagt galdygyça gyzgalaňly wakalar hem barha ýygjamlaşýar. Türkmen halkynyň altyn taryhy ýazylýan günlere şaýat bolmak uly bagt.

“Nesil” gazeti,

08.08.2017ý.

Meňzeş habarlar