3-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Aşgabatda boljak iri sport forumyny geçirmegiň meseleleriniň, olara söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemegiň yklymlaýyn oýunlara taýýarlyk görmegiň möhüm ugry, olary guramagyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny nygtady.
Sport dünýäsinde iri waka öwrüljek hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna çenli az wagt galdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ýaryşlara Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 64-sinden türgenleriň we myhmanlaryň müňlerçesiniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy toparynyň gatnaşjakdygyny ýatlatdy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sport hereketiniň has täze derejä çykmagyna, ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekilmegine, ýokary derejeli türgenleriň hem-de milli ýygyndy toparlaryň döredilmegine mümkinçilik berer.
V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar ähli zerur zatlar, şol sanda ýurdumyzyň haryt öndürijileri tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümler, dokma, azyk, sowgatlyk önümler we beýlekiler bilen doly üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Biz V Aziýa oýunlarynyň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, mizemez agzybirligini we myhmansöýerligini, ýokary watançylyk ruhuny, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginiň ýakynyndaky söwda merkezleri gije-gündizleýin tertipde işlemelidir, şunda harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Mälim bolşy ýaly, halkymyz milli naharlaryň örän köpdürli we datly tagamlaryna örän baýdyr. Bular barada hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitapda örän täsirli beýan edilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara laýyklykda, türkmenleriň häzirki nesilleri öz durmuşynda milli tagamlaryň köpdürlüligini hem-de sazlaşykly utgaşmagyny saklap, olary taýýarlamagyň syrlaryny nesilden-nesle geçirýärler.
Milli naharlar bilen bir hatarda, ýurdumyzda öndürilýän ter gök we bakja önümleri türkmen saçagynyň mynasyp gelşigi bolup durýar.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy azyk önümleriniň talabalaýyk saklanylyşyna, iýmit önümleriniň taýýarlanylyşyna we ähli ýerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ulag toplumynyň ýolbaşçylaryna V Aziýa oýunlary bilen bagly getirilýän dürli harytlary wagtynda we talabalaýyk daşamak üçin ulag serişdeleri bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça öňümizde uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň her birimiz öz borjumyza örän jogapkärli garap, bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny öňküden-de ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur çäreleri görmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň mynasyp ýerine ýetiriljekdigine berk ynam bildirip, maslahata gatnaşyjylara jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
05.08.2017ý.