Harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça tälim-okuw türgenleşigi geçirildi
1-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň käbir bölümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, ýarygijeden soň, olaryň şahsy düzümini duýdansyz aýaga galdyrdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, häzirki döwürde “Aşgabat 2017-niň” oýunlaryna taýýarlyk görmegiň, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerine aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, bu düzümleriň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin mümkinçilikleriň döredilmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyryp we biziň halkymyzyň parahatçylykly, abadan durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň kepili bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada döwletimiziň alada etjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini belledi. Munuň özi goranmak häsiýetine eýe bolan we üstünlikli amala aşyrylýan Harby doktrinamyzda öz beýanyny tapdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we öňümizdäki Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu meseleleriň wajypdygyny belledi.
Kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň demokratik, hukuk döwletiň möhüm meselesi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýollarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine gönükdirilen zerur çäreleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanunlaryň rüstemligini üpjün etmegi, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezip, prokuratura edaralarynda özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýän ýokary hünärli hünärmenleriň işlemelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini we halkara ugurlary boýunça ýük gatnawlarynyň möçberleriniň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän ýüklere degişli gözegçiligi ýola goýmak, olaryň ykrar edilen hil ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz işgärleriň hünär derejesi bilen bir hatarda gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň anyk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Soňky ýyllarda türkmen paýtagty sebitara, halkara we dünýä derejesinde möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017-niň” ýaryşlarynyň bu ugurdaky esasy wakalaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Gullugyň öňünde durýan, onuň esasy borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki ýurtlardan gelýän raýatlaryň, şeýle hem Aziýa oýunlaryna geljek myhmanlaryň degişli migrasiýa çäresini geçmegi üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi we ähli gulluklaryň ýolbaşçylaryndan öz işine jogapkärli çemeleşmegi talap etdi we “Aşgabat 2017-niň” oýunlarynyň ýokary derejede howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän serhet galasynyň çägine geldi. Bu ýerde häzirki zaman harby we söweşjeň tehnikalary goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan we ýurdumyzyň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň birini eline alyp, onuň aýratynlyklaryny synlady we bu ýerden nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi Arkadag Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Milli Liderimiziň sportda gazanan üstünlikleri üçin halkara derejeli ýokary baýraklara ençeme gezek mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllarynda hem sportuň söweşjeň görnüşleri bilen meşgullandy. Orta mekdebiň ýokary synplarynda okan döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýetginjekleriň arasynda kiçi kalibrli tüpeňden ok atmak boýunça geçirilýän ýaryşlarda tapawutlanyp, birinji orna mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeli.
Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz klassyky göreş boýunça 1972-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen respublikan ýaryşda öz agramy boýunça birinji orny eýelemegi başardy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan pistoletden nyşana ok atmakda öz ussatlygyny görkezdi. Oklaryň hemmesiniň onluga düşmegi yzygiderli türgenleşikleriň we özüňe erk etmegiň ýokary nusgasynyň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyz sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmagyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň we ýokary netijelere eýe bolmagyň baş şertini emele getirýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlarynyň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy uzakdaky nyşana söweş pyçaklaryny örän dürs zyňyp, sowuk ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.
Bedenterbiýe bilen meşgullanmak adamyň bedenini taplaýar, onuň ruhubelentligini we çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Söweşjeň ýaraga ussatlyk bilen erk etmek bolsa çözgütleri çalt hem-de dürs kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş ulaglaryny sürmekde, söweşjeň tehnikalara, şol sanda tanka, şeýle hem sesden çalt uçýan MIG-29 kysymly söweşjeň uçara erk etmekde ussatlyk görkezdi. Munuň özi milli Liderimiziň belent maksatlara ýetmäge bolan yhlasynyň, döwrebap söweşjeň tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby tälim-okuw türgenleşiginiň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde “Türgen — 2017” atly tälim-okuw türgenleşigine badalga berildi.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli Goşunymyzyň kuwwaty berkidilýär. Olar eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragynda netijeli ulanylýar.
Şu gün merdana Watan goragçylary tälim-okuw türgenleşiginde söweşjeň taýýarlyklarynyň has-da ýokarydygyny görkezdiler.
Soňra bu ýerde türkmen alabaýynyň päsgelçilik zolagyndan geçişi görkezildi. Serhet goşunlarynyň düzümindäki gulluk itleri, ýörite itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezinde ýetişdirilýär. Eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny pugtalandyrmakda, serhet bozujylary tiz ele salmakda bu gulluk itleriniň mynasyp orny bar.
Tälim-okuw türgenleşikleri tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde welosipedde “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welosipedde gezelenç etmek adam synasynyň ähli ugurlaryna oňyn täsirini ýetirýär we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň arasynda dürli sport ýaryşlary bilen bir hatarda welosipedli ýörişleriň guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Ýolugra milli Liderimiz sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeni-köpçülikleýin we baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ýerleri kesgitlemäge jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Dürli ähmiýetli çäreleriň, şol sanda iri sport ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreleri görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli baýramçylyk maksatnamasynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz we welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň edara binasynyň ýanynda saklandylar. Şol ýerde halkymyzyň taryhynda şöhratly yz goýan beýik serkerde Alp Arslanyň ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýerde milli Liderimiz şu günki çäreleriň netijeleriniň jemini jemledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümleriň ýokary netijeli gulluklary we döwrebap ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek barada yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
03.08.2017ý.