Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy şeýle-de atçylyk toplumyna baryp gördi
29-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna 50 günüň galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Bu şanly waka mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we paýtagtymyzdan watandaşlarymyzyň müňlerçesi gatnaşdy. Paýtagtymyzdaky ýörişe gatnaşan adamlaryň sany 7 müň 700-den gowrak boldy.
Şeýle çäreler Türkmenistanda yzygiderli guralýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we bu babatda şahsy görelde görkezýän döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegini öňe sürýär.
Ýörişde sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sport ugruna degişli döredijilik eserleri bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşgini çaýdy.
Döwlet Baştutanymyz aýdymçylar bilen bolan gürrüňdeşlikde häzirki döwürde ýurdumyzda döredijiligiňi, zehiniňi açyp görkezmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň esasynda sungatyň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmen medeniýetini ösdürmegiň esasy maksady sungat eserleriniň baý many-mazmunynyň we çuňňur, köpugurly çeperçilik ýörelgesiniň, dürs diliniň bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we artistlere mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini gazanmagyny, täze aýdymlar bilen adamlary begendirip durmagy we beýik işlere ruhlandyrmagy arzuw etdi.
Ýaş aýdymçylar paýhasly sargytlary we döredijilik ukyplaryny durmuşa geçirmek ugrunda döredilýän şertler, zehine berilýän goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýdym-sazly çykyşlardan soňra köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berildi. Ol Çandybil şaýolunyň başlanýan ýerinde boldy. Bu ýere Aşgabadyň köp sanly ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Ýörişe gatnaşyjylaryň ruhlary belent bolup, olar säheriň tämiz howasynda giň möçberli çärä gatnaşmaga taýýar bolup durlar. Olaryň hatarynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ählumumy çäre mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmaga isleg bildiren hormatly ýaşulular bar. “Aşgabat 2017” oýunlaryň şekili bolan Wepaly alabaý hem welosipede “atlanypdyr”.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bu çäräniň diňe bir şanly waka hökmünde däl, eýsem milletiň saglygy bilen baglanyşykly hem-de beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlaşmagyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmegine döwletimiziň yzygiderli goldaw berýändigini aňladýandygyny bellemeli.
...Welosipedli ýörişiň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiz onuň başlanmagyna badalga berdi we köpçülikleýin ýörişiň öňüni çekdi.
Ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda estrada aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hatarynda “Miras”, “Näzli”, “Laçyn”, “Meňli”, “Aşgabat”, “Galkynyş”, “Serpaý” ýaly toparlaryň agzalary, ýaşajyk sazandalar we tansçylar bar. Dabara mynasybetli dürli sport mekdepleriniň we toparlarynyň okuwçylary gyzykly maksatnamany taýýarlapdyr.
Welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara “Aşgabat 2017-ni” geçirmek bilen baglanyşykly köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede guramak, myhmanlary hem-de oňa gatnaşyjylary degişli derejede garşylamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz tebigaty goramak babatynda syýasatyň mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça wezipelere yzygiderli esasda çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, welosport ekologiýa taýdan arassa görnüş hasaplanylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär.
“Bitaraplyk” binasynyň ýanyndaky halkalaýyn ýoldan geçen welosipedçiler Bitarap Türkmenistan şaýoluna düşdüler. Ýurdumyzyň baş şäheriniň esasy köçeleriniň biri boýunça welosipedli ýöriş dowam etdi. Bu ýoluň ugrunda köpöwüşginli aýnalary we altynsow bezegleri bolan ak mermerli binalar toplumy ýerleşýär. Köçäniň döwrebap derejede bolmagy, onuň yşyklandyryş ulgamy, gök zolaklar we dürli güller aşgabatlylaryň paýtagtymyza örän mähir we uly alada bilen garaýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Ýoluň owadanlygy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da göterdi.
Welosipedli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz egindeşleri bilen gürrüňdeş bolup, ýollaryň, gök zolaklaryň abadançylygy, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň sazlaşygy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli Döwlet münberiniň ýerleşýän ýeri bolan ýurdumyzyň baş meýdançasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy sungat ussatlary, aýdymçylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralarynyň şowhunyna ähli adamlar goşuldylar. Bu pursatlar milli Liderimiziň özgertmeler syýasatynyň ynsanperwer esaslarynyň dabaralanýandygyny, ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketiniň ösdürilýändigini äşgär etdi.
Döwlet münberiniň ýanynda saklanan milli Liderimiz meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna syn etdi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Jin Tomlin bilen gürrüňdeş boldy. Myhman Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi we netijeli işlemek ugrunda döredilen şertler hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa birinji belgili akkreditasiýa resminamasy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş-ýapylyş dabaralaryna gatnaşmaga hem-de ýaryşlara tomaşa etmäge çakylyk gowşuryldy.
Hormat üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz oýunlaryň başlanmagyna az wagtyň galandygyny, ýöne örän köp işleriň bitirilmelidigini belledi. Sport diňe bir parahatçylygyň ilçisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ilçisidir diýip, milli Liderimiz belledi we “Aşgabat 2017-niň” ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.
“Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasyna we onuň ýerine ýetiriji ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanan pursadynda onuň tertipnamasynda sportuň 16 görnüşi bolan bolsa, häzir onuň sany 21-e ýetdi diýip belledi. Şeýle hem ilkibaşda Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň sany 22 bolupdy. Häzir bolsa ýurtlaryň sany 64-e ýetdi. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň derejesiniň örän ýokarydygynyň subutnamasydyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen gürrüňdeş boldy. Milli Liderimiz “Aşgabat 2017-niň” ýaryşlaryna taýýarlygy, türgenleriň taýýarlyk derejesini, Aziadanyň geçirilýän günlerinde meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň guramaçylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atly taýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy.
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň iň gowy bedewleri üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň täsin peşgeşi bolan bedewlere nähili söýgi-alada bilen çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýerde behişdi bedewleriň tohum arassalygyny saklamak, olary kämilleşdirmek we naýbaşy bedewleriň baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Bedewleriň bu tohumy deňi-taýy bolmadyk sungat eserleri bilen bir hatarda goýlup bilner. Ahalteke bedewleri atçylyk sportunyň görnüşleri boýunça ýaryşlarda, şol sanda Olimpiýa oýunlarynda diňe bir köpsanly rekordlary goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ençeme gezek halkara sergilerinde iň owadan bedew diýen ada eýe boldular. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen atçylyk sportunyň konkur görnüşi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Hakykatdan-da, bedewler gatnaşmazdan ýurdumyza onlarça ýurtdan müňlerçe türgenleri we myhmanlary jemlejek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny göz öňüne getirmek mümkin däl.
Ahalteke bedewi öňde boljak oýunlaryň resmi nyşany bolmak bilen, täze döwrüň — işjeňligiň, döredijilik gujurynyň, ylhamyň, ruhy taýdan ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň ajaýyp güýjüni özünde jemleýär. Şol sebäpli hem Aşgabat Olimpiýa stadionynyň gümmeziniň depesinde seleňleýän bedewiň keşbi ahalteke tohumyna mahsus bolan aýratynlyklara eýedir, myhmanlaryň her biri ony synlap, bedewe goýulýan belent sarpa hem-de türkmenleriň özüniň bütin taryhynyň dowamynda bedewe nähili buýsanç bilen garandyklaryna göz ýetirip biler.
... Ozal habar berlişi ýaly, “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip atlandyrylan 2017-nji ýylyň başynda bu atçylyk toplumynda taýçanajyk dünýä indi, hormatly Prezidentimiz oňa Ruhubelent diýip at berdi.
Häzir taýçanagyň doglanyna ýedi aýa golaý boldy, ol ösdi, özüni oňat duýýar, athanada bökjekläp oýnaýşy onuň ýagdaýynyň gowudygyndan habar berýär. Döwlet Baştutanymyz taýçanagy sypalady, ony özüne öwrenişdirdi, ynamly gatnaşyk ýola goýuldy. Ruhubelent özi bilen çyn ýürekden we mähirli didarlaşylýandygyny şobada duýup, el hereketi bilen aňladylýan buýruklara, sesiň aýratynlygyna aňsatlyk bilen boýun boldy.
Ýakyn wagtlarda bu taýçanak türkmen atçylyk sportunda, milli atşynaslykda mynasyp orun eýelär hem-de özüniň meşhur tohum ugrunyň dowam edilmegine goşant goşar, ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratynyň artmagyna ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynda idedilýän özüniň eý görýän bedewleri bilen didarlaşyp, nesil ugruny meşhur bedewlerden alyp gaýdýan Gujurly atly bedewde gezelenç etdi.
Döwlet Baştutanymyz bedewde haýaljykdan öwrüm edip, bu ýeriniň tebigy ajaýyplyklaryny, gözelliklerini synlady.
Ýurdumyzda atşynaslaryň tutanýerli zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar esaslandyryldy.
Türkmen halkynyň milli guwanjy, gözelligiň naýbaşy nusgasy bolan ýelden ýüwrik bedewleriň dünýä şöhratyny belende götermekde, atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan aýratyn şahsy goşandy hem-de hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu hormatly atlar dakyldy.
Hormatly Prezidentimiz yzygiderli ýagdaýda dag eteklerinde atly gezelençleri amala aşyrýar ýa-da ýaşlaryň hem-de işjeň dynç almagyň tarapdarlarynyň arzyly künjegi bolan Saglyk ýoluna çykýar. Şu günki ir säher çagy hem şeýle boldy, ony döwlet Baştutanymyz bedewler bilen görüşmäge bagyşlady.
Milli Liderimiz atly gezelenji tamamlap, bedewini athana getirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bedewlere ideg etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly mähir bilen bedewlere garaýandygyny synlap, milli Liderimiziň tebigatyň bu ajaýyp gözelligine çäksiz sarpa goýýandygyna göz ýetirýärsiň. Şol sebäpli hem milli we dünýä medeniýetiniň gudraty — ahalteke bedewleriniň dünýä meşhurlygy barha belende göterilýär.
“Nesil” gazeti,
01.08.2017ý.