27-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna baryp gördi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň trenažýor zalynda boldy. Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu köpugurly sport “şäherjiginde” türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşiklerini geçirmek, türgenleri hem-de ýygyndy toparlary Aziýanyň we dünýäniň çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak, şeýle hem dürli ýaryşlary, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleri geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilendigi bellärliklidir.
Bu ýerde ornaşdyrylan köpugurly trenažýorlar ulanyjylaryň ähli toparlary — tejribeli türgenler hem-de höwesjeňler, dürli ýaşdaky adamlar üçin türgenleşikleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Sport toplumynda ornaşdyrylan enjamlaryň käbir görnüşleriniň sebitiň hiç bir ýerinde ýokdugyny aýratyn bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyz trenažýorlarda birnäçe maşklary ýerine ýetirip, özüniň beden taýdan taýýarlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezdi. Munuň özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir. Milli Liderimiz myşsalaryň belli bir toparyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin niýetlenen, adamyň özüni duýşuna oňyn täsir edýän hem-de bedenini berkitmäge ýardam edýän trenažýorlaryň her biriniň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olary dogry we netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir.
Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem özüniň agtyklary bilen çeper döredijilik, aýratyn-da, sungat eserlerini döretmek bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň agtyklary Kerimguly, Ysmaýyl hem-de Rahym saz dünýäsine çuňňur aralaşmak ýörelgesine eýerip, sungatyň inçe syrlaryny yhlas bilen ele alýarlar. Bu ugurda olara Arkadag Prezidentimiz görelde mekdebi, ussat halypa bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň baý ruhy mirasynyň möhüm bölegi bolan sungatyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmegiň wajypdygyny belläp, ýaşlary döredijilik işine işjeň çekmegiň möhümdigini nygtaýar. Munuň özi döredijilikli pikirlenmäge, sungatyň dürli ulgamlarynda zehiniňi açmaga we umuman, gözýetimiňi giňeltmäge ýardam edýär.
Hut öz ukyplaryny ösdürmäge, özlerini kämilleşdirmäge, täze bilimleri özleşdirmäge çalyşýan ýaşlardan sazlaşykly ösen, ruhy taýdan baý şahsyýetler kemala gelýär. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösmegine saldamly goşant goşmaga ukyply bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen özüniň täze döredýän “Ýadymda” atly aýdymynyň käbir setirleriniň üstünde işledi. Milli Liderimiz ilki bilen roýal saz guralynda täze aýdymyň sözlerine hiňlendi. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz agtyklarynyň hersine dürli saz gurallarynda bu aýdymyň sazyny öwretdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saz sungatyna uly höwesi bolan agtyklary bilen täze aýdymy ýerine ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz “Ýadymda” atly täze aýdymyň jemleýji pursatlarynyň üstünde işleýär. Bu owadan dünýä mysaly nurana söýgini wasp edýän aýdym ýakyn wagtda dolulygyna diňleýjilere ýetiriler. Munuň özi halkymyza ajaýyp sowgat bolar.
Çagalaryň we agtyklaryň agzybirligi, olaryň özara ýakymly gatnaşygy nesilleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy, ata-ene üçin aňrybaş bagtyýarlyk bolup durýar. Çagalarda zähmetsöýerlik bilimleri we hünärleri ele almaga ymtylmak duýgularyny terbiýelemek ata-enäniň esasy wezipesidir.
Hazar deňziniň giňişliklerine tarap ak guw ýaly “Berkarar” gämisi ýüzüp barýardy. Gämide gezelenje çykan hormatly Prezidentimiziň ogly we agtyklary deňziň kenarynda dynç alýan ýakynlaryna şatlyk bilen ellerini buladylar. Olar hem gämide ýüzüp barýanlary mübäreklediler.
Çagalar durmuşyň gülüdir, olar biziň geljegimizdir, hut şoňa görä-de, olaryň ukyp-başarnygyny ösdürmek üçin şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
Bularyň ählisi nesilleriň dowamatlylygynyň, maşgala gymmatlyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa maşgala gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýär.
“Nesil” gazeti,
29.07.2017ý.