25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat — 2017-ni ýokary derejede guramak we geçirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulýan täze binalary yzygiderli gözden geçirmek bilen, Aşgabadyň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çärelere hemişe üns berip, bu ýerde amala aşyrylýan ähli işleriň iň häzirki zaman talaplara we ülňülere, şol sanda hil, estetiki görnüşi we ekologiýa babatynda gabat gelmeginiň, geljegi nazarlaýan innowasiýa çemeleşmeleriniň esasy ölçeg bolup durýandygyny nygtaýar.
V Aziada gatnaşýan türgenler, tälimçiler hem-de wekiliýetleriň beýleki agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ajaýyp olimpiýa ýaşaýyş toplumy guruldy, ol jemi 12 müň adama niýetlenendir. Bu ýerde bina edilen belent jaýlar daşky görnüşi, içerki abadanlaşdyrylyşy we amatlylygy babatynda abadanlaşdyrylan şäher ýaşaýyş jaýlaryna laýyk gelýär. Ýaşaýyş toplumy on iki gatly ýigrimi binadan ybaratdyr, olar toplumlara birleşdirilendir, toplumlaryň her birinde, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli adamlaryň ýaşamagy üçin şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, ak mermerli binalar ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen tutuş ýaşaýyş toplumyny emele getirdi.
Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyna baryp görmeginiň dowamynda münberleri 45 müň tomaşaça niýetlenen Aşgabat Olimpiýa stadionyna geldi. Milli Liderimiz Oýunlaryň baş meýdançasyny synlap, stadionyň enjamlaşdyrylyşyna hem-de onuň Aziada — 2017-niň açylyş dabarasyna taýýarlyk derejesine ünsi çekdi, oýunlara badalga berilmegine iki aýdan hem az wagt galdy.
Milli Liderimiz şeýle hem Oýunlaryň alawyny ýakmak dabarasyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, alawyň ýalkymy 17-nji sentýabrda özboluşly bezegli çanakda asmana nur saçar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna geljek hormatly myhmanlar üçin sport lybaslarynyň sowgatlyk toplumlary görkezildi. Lybaslaryň toplumlarynyň iki görnüşi — gyşky we tomusky görnüşleri işlenip taýýarlanyldy, gyşky lybaslar toplumy Gökdepäniň dokma toplumynda, tomusky lybaslar bolsa Aşgabadyň Modalar öýünde taýýarlanyldy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň belliklerine hem-de maslahatlaryna laýyklykda täzeden işlenen, V Aziadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşjak türkmen türgenleri üçin adaty we dabaraly ýagdaýlarda geýmäge niýetlenen bir kysymly lybaslaryň nusgalary görkezildi.
Zenanlar üçin niýetlenen lybaslar toplumynyň birinji görnüşi keltekçeden, köýnekden, papakdan we sport aýakgabyndan ybaratdyr, ikinji görnüşi hem keltekçeden başga ähli lybaslary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen lybas toplumlary bilen tanşyp, türkmen türgenleriniň lybaslarynyň halkymyzyň özboluşly medeni däplerini alamatlandyryp, şonuň bilen bir wagtda häzirki zaman meýillerine laýyk gelmelidigini, estetiki taýdan özüne çekiji we peýdalanmak üçin amatly bolmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle hem V Aziadanyň nyşanlarynyň sport lybaslarynyň bezeginde maksadalaýyk peýdalanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem bu ýerde myhmanlar üçin dürli serişdeler, sowgatlyk önümleri, torbalar, türkmen alabaýynyň, ahalteke bedewiniň şekilleri, milli keşdeler salnan torbalar, tahýalar, alajalar, V Aziadanyň nyşany ýerleşdirilen sport aýakgaplary, köýnekçeler, ýazuw depderçeleri, ruçkalar, göwnejaý bezelen maglumat neşirleri we beýlekiler görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz Oýunlara taýýarlyk görmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, olaryň çözgüdine örän oýlanyşykly hem içgin çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyndan çykyp, bu ýerde goýlan awtoulag serişdeleriniň nusgalaryny synlady, olar Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýolagçylara hyzmat eder. Täze ulaglaryň hatarynda taksiler, kiçi we uly göwrümli awtobuslar bar.
Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny ýörite awtobusda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ýüzugra Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady.
Bu ýerde işlemek üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan häzirki zaman kompýuter we edara enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we döwrebap iş mebelleri bilen üpjün edilen iş otaglary bar.
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda “tegelek stollary”, duşuşyklary, ýygnaklary, maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen we ähli amatlyklary bolan 5 sany 20 orunlyk, 2 sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda ajaýyp şekilde bezelen dürli maslahatlary geçirmek üçin uly mejlisler zaly bar. Binanyň üçünji gatynda hormatly Prezidentimiziň görnükli eserleri, şeýle hem beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär. Edara binasynyň içki bezegi üçin ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleri we döwrebap bezeg gymmatlyklary ulanylypdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr. Tutuşlygyna alnanda, taslama boýunça iki gatly kottejleriň 208-sini, 12 gatly jaýlaryň 18-sini we 3-4 gatly jaýlaryň 16-syny, şeýle hem öz içine söwda merkezlerini, çagalar bagyny, mekdebi we beýlekileri alýan durmuş düzümli birnäçe degişli desgalary gurmak göz öňünde tutulandyr.
Döwlet Baştutanymyz ýörite awtobusda kottej jaýlar toplumynyň daşyndan aýlandy. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy täze bina edilen kottej jaýlaryň biriniň ýanynda saklandy. Kottej jaýa girip, hormatly Prezidentimiz onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi, enjamlaşdyrylyşy we olaryň ölçegleri bilen gyzyklandy.
Täze jaý bilen tanyşlygyň dowamynda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe otaglary, şol sanda myhman otagyny, birinji gatda ýerleşen aşhanany we ikinji gatdaky ýatylýan otagy hem-de çagalar otaglaryny synlady. Otaglaryň birinde eýwana çykalga döredilipdir. Milli Liderimiz özboluşly äheňde bina edilen eýwany synlap, ony dürli maksatlar, şol sanda iş otagy hökmünde ulanyp boljakdygyny aýtdy.
Ähli amatlyklary bolan 48 we 72 öýli belent jaýlar ähli ölçegleri boýunça ýokary derejeli rahatlyk şertleri bilen üpjün edilipdir. Bu täze salnan 12 gatly jaýyň öýleri belent potoloklary we giň ýaşalýan otaglary bilen tapawutlanýar. Öýleriň ýyladylyşy we sowadylyşy merkezleşdirilen ulgama birikdirilendir. Meýdançanyň ýanaşyk ýerlerinde köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin ýerler bilen üpjün edilen we çagalar üçin oýun meýdançalary gurnalypdyr.
Şeýlelikde, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Munuň özi milli Liderimiziň gurluşyk pudagynyň hünärmenleriniň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz iş saparynyň jemlerini jemlemek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we şäher jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, ähli bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de olary ulanmaga bermegiň bellenilen möhletleriniň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
“Nesil” gazeti,
27.07.2017ý.