Ylym jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegidir. Çünki häzirki döwürde ylym dünýäniň ösüşine iň uly täsir ýetirýän esasy çeşme bolup, ol ynsanyň durmuşyny günsaýyn döwrebaplaşdyrýar. Ylymsyz durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäniň dürli künjeginde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ylma berilýän ünsüň derejesi iňňän ýokarda. Esasan hem bu ugurda ýaşlary çekmekde, olaryň ylym bilen yzygider meşgullanyp, oňa bolan garaýyşlarynyň ýitileşmeginde döwlet tarapyndan döredilýän şertler bu günki günde ummasyzdyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, ylmy açyşlar, innowasion tejribe, ylmy-inženerçilik pikirleri, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologiki ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, giň dünýägaraýyşly, ylym ulgamyny täze derejä çykarmaga ukyby bolan gujur-gaýratly, döredijilikli işleýän ýaşlary ýetişdirmek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, ýaş alymlary maddy taýdan goldamak, olaryň ylmy-barlaglaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmek häzirki döwürde ylym ulgamynyň öňünde durýan örän möhüm wezipelerdir. Bu ugurda ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribäni özleşdirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleri netijeli alyp barmak üçin doly mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi, biz bilim almak, ylym öwrenmek bilen durmuşa buýsançly gadam basmagyň bagtyýar ýaşlar üçin örän uly bagtdygyna doly düşünýäris.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ýaş alymlar üçin bäsleşige ukyply ylmy barlaglary geçirmekden, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmekden, eziz Diýarymyz Türkmenistany dünýäde kuwwatly döwletleriň birine öwürmekden uly bagt ýokdur! Biziň ýaşlarymyz giň aň-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzyň at-abraýyny, mertebesini we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir!
“Nesil” gazeti,
20.07.2017ý.