Türkmenistan sebitleýin we dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini çözmekde işjeň orny eýeläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýerýär. Bu syýasat ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň köpugurly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen işiniň esasy ugry bolup durýar. 2017-nji ýylyň iýun aýynyň möhüm wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bank ulgamy häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy iýunda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň amanat kassalarynyň gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekilendigini ýatlatmak möhümdir.
Aşgabatda 15-nji iýunda Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň döwlet sekretary Iştwan Mikolanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine energetika, bilim we sport ulgamlarynda, obasenagat toplumynda we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri girizildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň barşynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, şol sanda türkmen dokma önümleriniň we elde dokalan halylaryň iberilýän möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary barada pikir alşyldy.
26-njy iýunda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen komitetleriniň 12-nji bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda ulag, himiýa, elektroenergetika, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, maliýe, söwda, bilim, sport, syýasatçylyk, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
28-nji iýunda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna garaldy.
5-nji iýunda Aşgabatda “Daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýada durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç” atly halkara ekologiýa forumy geçirildi.
Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän ýöriteleşdirilen “EKSPO — 2017” sergisinde 29-njy iýunda Türkmenistanyň güni geçirildi. Bu sergi “Geljegiň energiýasy” şygary astynda guraldy.
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary ulgamyndaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň 3-nji iýunda geçirilen nobatdaky mejlisini geçen aýyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Onuň gün tertibine “2017 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň” taslamasyny hem-de “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adyl kazyýet ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasyna” laýyklykda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulan resminamalaryň birnäçesini taýýarlamak meseleleri girizildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi ýaş nesliň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň çagalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmäni görkezýär. Çagalaryň abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
6-23-nji iýunda Ženewada geçirilen BMG-niň adamyň hukuklary baradaky 35-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli resminamalaryň kabul edilmeginde ýurdumyzyň awtordaş hökmünde çykyş etmegi “2016 — 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli maksatnamasynyň” hem-de “2015 — 2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde möhüm ädimler boldy.
Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
“Nesil” gazeti,
13.07.2017ý.