7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, hormatly Prezidentimiziň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Onuň gün tertibine şu ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeler hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary we guramaçylyk meseleleri girizildi.
Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy geljek 7 ýylda ösdürmegiň täze nusgasynyň taslamasynyň esasy ugrunyň berkarar döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmekden, ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmekden ybaratdygyny aýtdy
Bu işler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün eder, onuň eksport mümkinçiligini artdyrar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini köpeltmek we daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň mukdaryny artdyrmak bilen bagly meselä ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu meselä Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde serediljekdigini belläp, ýolbaşçylardan bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň möçberleriniň, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp pudakly ösen senagaty, öz tebigy serişdelerimiziň binýadynda ylma esaslanýan önümçiligi kemala getirmek ýurdumyzyň ýokary ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz bu ulgamyň düşewüntliligini hem-de eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, onuň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda iri häzirki zaman söwda merkezlerini gurmak, söwdanyň dürli ulgamlaryny guramaga täze çemeleşmeleri girizmek boýunça täze teklipleri öwrenmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksport we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik syýasatyny durmuşa geçirmegiň, bazarlary giňeltmegiň hasabyna içerki önümçiligi höweslendirmegiň hem-de ýurdumyzyň halkara söwda giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi.
Ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 143-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 77-si geçirildi. Türgenlerimiz 83 halkara sport ýaryşyna gatnaşdylar we jemi 409 medal, şol sanda 135 altyn, 138 kümüş we 136 bürünç medal gazandylar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 65 medal köpdür.
Milli Liderimiz bilim özgertmelerini geçirmegi çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi. Biziň üçin bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, mekdep okuwçylaryny belli bir ugurlar boýunça netijeli taýýarlamaly. Okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny işe ornaşdyrmaly. Iň esasy zat bolsa, geljekki hünärmenleri halkara derejesinde, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösen derejede taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iş, birinjiden, okatmagy döwrebap ýagdaýa getirmekden, orta mekdepden başlap, ýokary okuw mekdebine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip belledi. Ikinjiden bolsa, mugallymlar düzüminiň taýýarlyk derejesine zerur ähmiýet bermeli. Hut mugallym çagalara täze bilimleri esasy öwrediji bolup durýar. Okuwçynyň ýa-da talybyň diňe sapagy netijeli özleşdirmegi däl-de, eýsem, onuň pikirlenmek, maglumatlary kabul etmek we olar barada tankydy nukdaýnazardan oýlanmak ukybyny ösdürmek hem, köp babatda mugallymyň başarnygyna we zehinine baglydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaş hünärmen özi üçin ýaşaýyş jaýyny gurar ýa-da satyn alar ýaly, işe baran edara-kärhanasynyň kepil geçmegi bilen, karz serişdesini alyp bilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz 2017 — 2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna kabul ediljek okuwçylary şahsy kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça Karara gol çekdi. 1-nji sentýabrda körpe türkmenistanlylaryň 142 müň 819-sy ilkinji gezek mekdebe barar. Olaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler.
Şeýle hem milli Liderimiz 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky hem-de 2017 — 2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruklara gol çekdi. Öňümizdäki okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna jemi 240 diňleýjini kabul etmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga hem gol çekdi. Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine jemi 8 müň 308 adam kabul etmek meýilleşdirilýär, ol geçen ýyldakydan 1 müň 52 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine hem-de başlangyç hünär okuw mekdeplerine degişlilikde 8 müň 317 we 25 müň adam kabul etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda giň möçberli baýramçylyk çärelerini hem-de gündelik medeni-köpçülikleýin işlerini geçirmekde uly tejribäniň toplanandygyny belledi. Ýöne döwür hem-de möhüm wezipeler ýurdumyzyň medeni taýdan okgunly ösdürilmegi, aň-bilim işiniň kämilleşdirilmegi, türkmen ýaşlarynyň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmegi, milli mirasymyzy çuňňur öwrenmegimiz bilen bagly täze çözgütleri gözlemegi talap edýär.
Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugrudyr hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň netijeli guralydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de tejribe alyşmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň dünýä gatnaşyklar ulgamy bilen özara sazlaşýan giň medeni we maglumat ulgamyny döretmekde aýdyň beýanyny tapmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz medeniýet ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, medeniýet işgärleriniň döredijilik kuwwatyny artdyrmagyň, olary netijeli işlemäge höweslendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek boýunça çäreleri guramak hem-de geçirmek babatda hem tabşyryklar berildi.
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz döwrüň talaplaryna we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna laýyklykda, onuň işini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli telewideniýäniň işi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakalary beýan etmekde öz ugurlary boýunça gepleşikleri taýýarlamakda teleýaýlymlaryň arasynda bäsdeşligiň bolmagynyň zerurdygyny belledi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa telewideniýäniň öňünde V Aziýa oýunlaryny we bu iri ýaryşlara görülýän giň möçberli taýýarlyk işlerini, dostluk we myhmansöýerlik däplerini wagyz etmek wezipesi durýar. Ýaýlyma berilýän gepleşikler mazmun taýdan tapawutlanmalydyr we gyzykly, adamlary belent işlere ruhlandyrýan gepleşikler bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada — 2017-niň ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak işlerini, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulaglary duralgalar bilen doly üpjün etmek maksady bilen, awtoduralgalaryň gurluşygyny işjeňleşdirmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol gün birnäçe saglygy goraýyş merkezlerini açyp, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Geçen ýarym ýylda gazanan netijelerimiz erbet bolmady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýakyn günlerde alty aýyň jemlerine bagyşlanan maslahatlary we mejlisleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçylara 10-njy iýuldan — 1-nji awgust aralygynda dynç almaga rugsat berdi. Olar Awazadan başga-da, ýurdumyzyň Arçman, Ýyly suw we beýleki şypahanalarynda dynç alyp, öz saglygyny berkidip bilerler.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmelidigini ýene-de bir gezek ýatlatdy we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
11.07.2017ý.