Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostlugyň dabaralanjak baýramy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada — 2017-ä taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.

 Dokma senagaty ministrligine gelende milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

 Dokma senagaty ministrligine gelende milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

 Binanyň esasy girelgesiniň öňünde hemmeleri Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny saklap duran uly gurjak görnüşindäki şadyýan alabaý — oýunlaryň şekili mähirli mübärekledi. Aşgabat Aziadasynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygaryny beýan etmekde bu şekile aýratyn orun degişlidir. Wepaly şeýle hem güýç-gaýratlylygy, sport ýeňişlerine ymtylyşy aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 Ministrligiň eýwanynda döwlet Baştutanymyza biziň türgenlerimiz üçin sport lybaslarynyň, şol sanda oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin lybaslaryň täze nusgalary görkezildi.

 Lybaslaryň ählisi ýurdumyzda öndürilen örme önümlerdir. Lybasyň çep tarapynda Türkmenistanyň Döwlet tugrasy, sag tarapynda bolsa atyň şekili şekillendirilen Sport baradaky döwlet komitetiniň logotipi ýerleşýär.

 Milli Liderimiz V Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň ähli babatda halkara standartlaryna laýyk gelmelidigini, hususan-da, milli ýörelgeleriň häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen nusgalar bilen içgin tanşyp, Aziada — 2017-niň nyşanlaryny, onuň şekilini, nyşanyny we tumaryny dabaraly çäreler üçin lybaslaryň bezeginde oýlanyşykly, milli äheňlere kybap ýagdaýda ulanmaga modelýerleriň ünsüni çekdi.

 Milli Liderimiz dabaraly çäreler üçin niýetlenen lybaslaryň hem-de beýleki lybaslaryň örän wajypdygyny, myhmanlarda ýurdumyz barada galjak ilkinji täsirleriň köp babatda olara-da bagly bolup durýandygyny belledi. Milletiň taryhyndan gözbaş alýan resmi lybaslar hem halkymyzyň medeni mirasyna hormat-sarpany alamatlandyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

 Şeýlelikde, çeperçilik çözgütleri, döredijilik ýörelgelerini, aýdyň alamatlary, milli öwüşginleri sazlaşykly birleşdirip, biz täsin we ajaýyp şekilleri döredip bileris. Olar biziň myhmanlarymyza türkmen halkynyň häsiýeti, onuň ruhy dünýäsi, däp-dessurlary barada köp zatlary gürrüň berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Halk lybaslarynyň döwrebap görnüşi bolsa ýaşaýyş-durmuşyň dowamatlylygynyň diňe hereketde, ösüşde we täzelenmekdedigini aýdyň görkezmelidir. Sport lybasyny öndürmekde ekologiýa taýdan arassa we oňaýly ýokary hilli matalaryň ulanylmagy esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

 Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz täsin toplumyň käbir desgalaryny döwrebap görnüşde bezemek boýunça görkezmeleri berdi we desgalaryň her biriniň reňk öwüşginleri babatda tapawutlanmalydygyny belledi. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, türgenlerde ruhubelentlik ýagdaýyny döretmelidir. Şunda bezegleri ulanmakda birmeňzeşlikden gaça durmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini bezemek boýunça meýilnamalar bilen hem içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aziadanyň nyşanlaryny şäheriň iň gelim-gidimli ýerlerinde ornaşdyrylmalydygyny, şunlukda, olaryň daş-töweregiň binagärligi hem-de tebigy landşaft bilen sazlaşyk döretmelidigini belledi.

 Hormatly Prezidentimiz Aziadanyň nyşanynyň, şekiliniň we tumarynyň yşykly görkezilýän binalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydygyny, olaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň gijeki gözelligine gözellik goşmalydygyny, adamlaryň şatlygyny goşalandyrmalydygyny we göwünlerini galkyndyrmalydygyny belledi. Milli Liderimiz bularyň ählisiniň ýurdumyzyň raýatlarynyň paýtagt şäherimiz bolan Aşgabada bolan buýsanjyny, guwanjyny artdyrmalydygyny nygtady.

 Oýunlar iň täze ylmy-tehniki hem-de döwrebap guramaçylyk çemeleşmeleri esasynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz we ýylyň iň giň gerimli sport çäresi bilen baglylykda, ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmagy babatda anyk görkezmeleri berdi. Aziada — 2017 hakyky taryhy waka öwrülip, sebitde ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Aziada — 2017-ni guraýjylar hökmünde biziň iň esasy we jogapkärli wezipämiziň durmuş-ykdysady babatda, diplomatik we ynsanperwer ulgamlarynda, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasaty babatda ýurdumyz hem-de tutuş sebit üçin oýunlaryň geçirilmeginiň has netijeli bolmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny ýene-de bir gezek belledi.

“Nesil” gazeti,

08.07.2017ý.

Meňzeş habarlar