Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty», şeýle-de «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly täze kitaplarynyň elimize gowuşmagy ähli halkymyzy diýseň begendirdi.
Döwrümiziň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine bagyşlanan neşirde şäheriň ajaýyp binalary, gurluşyk aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Geljegiň şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, gündizki we gijeki gözel görnüşlerini açyp görkezýän fotosuratlaryň kitabyň degişli bölümleriniň mazmuny bilen utgaşykly berilmegi onuň täsirliligini has-da artdyrýar.
Kitapda «Gadymy toprakda dörän gudrat», «Gurýan döwlet-gurply döwlet», «Arkadag şäheri - döwlet ähmiýetli şäher», «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy», «Akylly şäheriň «akylly» ulaglary». «Akylly» öý hyzmatlary», «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar - «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekär topragyň şirin nygmaty», «Belent hormatyň nyşany», «Ösüşinde bedewleriň bady bar», «Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri», «Gözelligiň şäheri», «Dowamata dowam şäher», «Goý, halkymyz eşretli durmuşda ýaşasyn!» atly bölümler bolup, olarda bu ajaýyp şäheriň gaýtalanmajak özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär hem-de ýurdumyzyň şeýle ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplylygy şöhlelendirilýär.
Täze kitabyň adynda hem beýan edilişi ýaly, Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Ol ýaşlaryň şäheridir. Çünki halkymyzyň röwşen geljegi ösüp gelýän kämil ýaş nesiller bilen berk baglanşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara «Geljek siziň bilendir!» diýip ýüzlenýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet galamyndan çykan ajaýyp eserleriniň üstüni ýetiren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylýan günlerine gabatlanyp çapdan çykmagy taryhy wakanyň ähmiýetini artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatlykdyr, ruhy hazynadyr. Milli Liderimiz täze eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny çeper dilde beýan edýär, şöhratly taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn üns berýär.
Şu günler ýurdumyzda bu täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly, Türkmengala, Garagum etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda Mary welaýat kitaphanasynda geçiren söhbetdeşliginde hem «Arkadag şäheri - geljegiň şäheri» atly täze kitabyň, täze şäheriň açylyp ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ägirt uly şanly waka bolandygy bellenilip, onuň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, halkara derejede-de ähmiýetli şähere öwrüljekdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseriniň bir adamyň däl-de, umuman ynsan ömrüniň manysy baradaky eserdigi kitabyň bölümleriniň adyndan hem görünýär. Hormatly Arkadagymyz täze eserinde beýan edilýän gürrüňleriň, pikirleriň örüsini bölümlere we bölümçelere bölüp aýdyňlaşdyrypdyr. Bu bir tarapdan ýazýan üçinem, okaýan üçinem uly amatlyklary berýän bolsa ikinji tarapdan, eseriň gurluş taýdanam, mazmun taýdanam kämilliginiň nyşany diýip bellediler.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç, şeýle ajaýyp wakalaryň we kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Allanazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.