Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň (U18) ikinji tapgyrynda 4:3 hasabynda Tailandyň ýygyndysyny ýeňdi. Bu barada «Orient» habar berýär.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän Serdar Durdyýew we Röwşen Aşyrow bu oýunda iki şaýbany öz hasabyna ýazdyrdylar.
Ýaryşyň beýleki duşuşyklarynda ýer eýesi ― Mongoliýa BAE-niň toparyny 10:2 hasabynda ýeňdi, Özbegistan bolsa Eýrana mümkinçilik bermedi we ony 14:1 hasabynda ýeňdi.
Iki tapgyryň netijeleri boýunça Guwançmyrat Jepbarowyň türgenleri 3 utuk bilen ýaryş tertibiniň dördünji basgançagynda ýerleşdiler. Birinji orunda çempionatyň başlangyç oýnunda Türkmenistanyň ýygyndysyny ýeňip (6 utuk), Özbegistan ýerleşýär. Ikinji orny şol mukdardaky utuk bilen Mongoliýanyň ýygyndysy eýeleýär. Öňdebaryjylaryň üçlügini BAE jemleýär, ýygyndynyň 3 utugy bar.
Türkmen hokkeýçileri indiki duşuşygyny şu gün ― 14-nji martda BAE-niň ýygyndysyna garşy geçirer.
Yklymyň iň gowy topary diýen at üçin Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, BAE-niň we Tailandyň ýygyndylary göreşýärler. Ýaryş 19-njy martda tamamlanýar.