AFK ÜÇÜNJI DEREJELI KLUBLAÝYN ÝARYŞY DÖREDER

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminden başlap, üçünji derejeli klublaýyn ýaryşy hem döreder. Ýöne, häzirlikçe, bu ýaryşyň doly ady mälim däl. AFK ýakynlygy we maglumatlarlarynyň ygtybarlylygy bilen tanalýan özbegistanly futbol hünärmeni Alişer Nikimbaýew bu barada ilkinjileriň hatarynda habar berdi.

Üçünji derejeli klublaýyn ýaryşyň döredilmegi birinji we ikinji derejeli ýaryşlaryň hem hiline täsirini ýetirer. Bu täsire Merkezi Aziýa döwletleriniň mysalynda seredeliň!

Häzir AFK-nyň Çempionlar ligasyna bir topary göni toparçalardan girişip, ikinjisi hem saýlama tapgyryň duşuşyklaryny geçirip bilýän, üçünji bir topary bolsa AFK-nyň kubogynyň toparçalarynyň birindäki ýerini berkidip goýan Özbegistan şol möwsümden başlap, AFK-nyň Çempionlar ligasyna diňe bir topar ugradyp biler. Häzirkisi ýaly, ýurduň ikinji bir topary bolsa AFK-nyň kubogyna gatnaşar.

Täjigistanyň ýollanmalary hakynda aýdylanda, ýurduň toparlarynyň birine AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna, ýene birine şol ýaryşyň pleý-off tapgyryna ýollanma garaşýar. Gyrgyz Respublikasynyň toparlarynyň bolsa diňe biri üçünji derejeli ýaryşyň pleý-off tapgyryna ýollanma alar.

Elbetde, bizi iň gyzyklandyrýan mesele 2024/25-nji ýyllaryň futbol möwsüminde türkmen toparlarynyň haýsy ýaryşa gatnaşjaklygydyr. «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji möwsüminde haýran galdyryjy oýny orta goýan hem bolsa, toparçadan çykyp bilmedi. AFK-nyň kubogyndaky toparlarymyz bolsa indi iküç ýyldan bäri şowsuz çykyş edip gelýärler. Bu ýagdaýyň indiki möwsümlere täsirini ýetirýändigini bilýänsiňiz. Şeýlelikde, 2023/24-nji ýyllaryň möwsüminden soň türkmen toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasyna ýene birazajyk arakesme bermeli bolarlar. Sebäbi Türkmenistanyň klublaýyn reýtingi bu ýaryşa gatnaşmak üçin ýeterlik däl. Has beteri, 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminde türkmen toparlary AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin hem saýlama duşuşyklary geçirmeli bolarlar. Ýurduň ikinji bir topary bolsa AFK-nyň ady heniz mälim bolmadyk üçünji derejeli ýaryşyna gatnaşar.

AFK-da üçünji derejeli klublaýyn ýaryş ozal hem bardy. Ol «AFK-nyň Prezidentiniň kubogy» diýlip atlandyrylýardy. Hatda, türkmen toparlary bu ýaryşyň soňky çempionlary boldular. 2013-nji ýylda «Balkan» (häzir «Nebitçi»), 2014-nji ýylda bolsa HTTU bu Kubogyň eýesi boldy. Şondan soň üçünji derejeli ýaryş ýatyrylyp, 2015-nji ýyldan türkmen toparlary AFK-nyň kubogyna gatnaşyp başladylar.