Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ozaly bilen ylym – we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, degişli ugurda ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini giňden peýdalanmak bilen baglydyr. Ozaly bilen okatmagyň öňden bar bolan utgaşykly, didaktiki, görkezip okatmak, umumy, söhbet we tejribe sapaklary ýaly birnäçe usullary giňden peýdalanyp gelinýär. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bilim ulgamy innowasion tehnologiýalar, dünýä tejribesi, bilim portallary, täze usulyýet esaslary bilen baýlaşdyrylýar, netijede “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Biziň bilim ojagymyz bolan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem sanly bilim portaly döredildi. Bilim portalyň kömegi bilen fakultetleriň arasynda ýerli ulgam hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen internet ulgamy arkaly belli bir aralykdan okuwlar döredijilikli guralýar, şeýlelik-de alnyp barylýan işler özleşdirilip, tejribe alşylýar, bilelikdäki sapaklar teleköpri arkaly üstünlikli guralýar. Professor mugallymlarymyz we talyplarymyz öýjükli telefonlary, kompýuterleri arkaly sanly bilim portalyna girip, gerekli okuw sapaklaryny özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Okuw ýylynyň dowamynda bolsa talyplar aralyk jemlemelerinde ýörite döredilen programmalar arkaly testleşdirme usulynda synaglary tabşyrýarlar. Bu bolsa öz gezeginde, talyplaryň bilimleri öwrenmäge işjeň çekmäge, köp dürli wezipeleri özbaşdak çözmek tejribesini edinmäge giňden ýardam berýär. Mundan başga-da, talyp deň-duşlarymyzda häzirki zaman ykdysady pikirlenişi ösdürmek hem-de olara jemgyýetiň işiniň amaly ulgamlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijelerini we degişlilikde, häzirki zaman ykdysady gurşawyň aýratynlyklaryny we kadalaryny ykdysady ulgam nukdaýnazaryndan öwretmek maksady bilen “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi. Sanly ykdysadyýet diýip, umumy maksatly täze tehnologiýalaryň maglumat we aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalara öwrülmeginden ýüze çykýan täsirine düşünilýär. Sanly ykdysadyýete berilýän üns bolsa,maglumat tehnologiýalarynyň dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde barha uly ähmiýete eýe bolýandygy bilen şertlendirilýär. Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we ähli ulgamlarda maglumat hem sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Mahlasy, sanly bilim – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň ajaýyp şuglasy. Sanly bilim ulgamynyň dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň talyp ýaşlary bolsa, ylym – bilime, sanly ykdysadyýete höwesli hünärmenlerdir.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde we energetika pudagyny kämilleşdirmekde uly işleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň at-abraýyny, ýurdumyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Şöhrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynyň 3-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.