BEDEW BATLY ÖSÜŞLI ÝYLLAR

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýerlip, ýurdumyzda her bir ýyly ajaýyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ata kesbini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bütin halkymyzy, aýratynam, ýaşlary çäksiz begendirdi. Çünki, Arkadagly Serdarymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada: “Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” diýip, buýsançly belleýär. Bütin halkymyz 2023-nji ýyly agzybirlikde we jebislikde garşylady. Şeýlelikde, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylymyz, nesip bolsa, uly üstünlikleri, rowaçly menzilleri arkaly eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

Hakykatdan hem, Berkarar döwletde ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda her günümiz toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň belent ösüşini, alnyp barylýan tutumly işlerini ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Gurban Islamowlaryň agzybir maşgalasynda “Bedew batly ösüşli ýyllar” ady bilen teleýazgy çäresini gurnady. Bu teleýazgyly çärede etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň wekilleri çykyş etdiler. Teleýazgyly çäräniň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazy belentden belent ýaňlanmagy her bir ynsanyň ýüregini joşa getirdi.

 

Meretgelli ANNAKULYÝEW,

Türkmenistan Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI