TÄZE ÝYL GUTLAGLARY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Häzirki wagtda türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz halkyň diňe şu gününiň däl eýsem, geljeginiň hem ýagty röwşen bolmagy üçin aladalaryny edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her güni toý-baýrama,  şatlyk-şowhuna,  ruhybelentlige beslenip gelýär. Ine, bu günki gün hem türkmen halkymyz Täze ýyl baýramyny uly dabara bilen garşy aldy. Täze ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu şadyýan  baýramçylygyň  şanyna geçirilýän  çäreleriň şowhuny  barha  artýar. Aýratyn-da, bu günler paýtagtymyz Aşgabat  şäherimizi görmäge göz gerek. Ajaýyp  ýollaryň ugrunda, edara-kärhanalaryň öňünde bezelen arçalara  gözüň düşende bütin  dünýäňi şatlyk gurşap alýar. Dürli zerler, owadan şarlar, enaýyja oýnawaçlar bilen boýdan başa  bezelen arçalar, gijelerine ýanýan  dürli öwüşginli çyralar  paýtagtymyzy has-da  gelşigine getirip, göreni haýrana goýýar. Täze ýyl çäreleriniň dabaralary  has-da artýar. Täze ýyl arçasynyň ýanynda  Aýazbabadyr Garpamyk bilen şowhuna beslenýän baýram çagalar baglarydyr mekdeplerde, edara- kärhanalarda has hem guramaçylykly geçyär. Täze ýylyň şatlyk-şowhuna beslenip gelmeginde uly many bar. Her bir täzelenýän ýyl adam ömrüniň dowamlylygynyň alamaty bolup, kalplara şugla salýar. Diýarymyzyň baýramlara baý taryhynda Täze ýyl baýramçylygynyň öz orny bar. Adamlar birnäçe günläp nähilidir bir gowluga garaşmak duýgusy bilen ýaşaýarlar. Şäherler köçelerdäki arçalar edil jadyly köşkler ýaly lowurdaýar. Adamlar birek-birege “Täze ýylyňyz gutly bolsun, bagt getirsin!” diýip, ýagşy dileg edýärler. Goý, ýetip gelen Täze ýyl her bir türkmen halkymyz  üçin ajaýyp üstünlikleriň, rysgal-döwletiň, ýyly bolsun! Asly halal türkmen halkynyň mundan buýana-da görjegi diňe gowulyk, toý-baýram bolsun! Türkmen halkyny mundan-da röwşen ertirlere ynamly alyp barýan, özüniň beýik işleri, parasatly başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurdy abadan bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

SAGDYN NESIL, SAGDYN JEMGYÝET!