Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň ak bazarlary bereket-bolçulygyň, adamlaryň abadan durmuşynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzirki günlerde ak bazarlarymyzda we söwda merkezlerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli dürli harytlaryň arzanladylan bahalardan satuwlary gurnalýar. Ak bazardan göwün islän harydyňy saýlap, “Nesip etsin! Haýryny gör! Toýuňa ýarasyn!” ýaly gowy dilegler bilen edilen söwdada alnan harytlaryň rysgal-döwlet eçilýändigine ynanýarys. Eziz Watanymyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň maksadydyr. Bu möhüm wezipäni durmuşa geçirmekde sarp edijilik bazary aýratyn orun eýeleýär. Häzirki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ak bazarlaryň dürli-dümen harytlardan bol we elýeter bahadan dolup durmagy döwletimiz tarapyndan adamlar hakynda aladanyň ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Bazar bolçulygyny üpjün etmekde, dürli harytlaryň elýeter bahadan satuwa çykarylmagynda telekeçileriň uly hyzmaty bardyr. Bazarlarymyzda ilatyň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen ýerli önümlerimize bolan isleginiň ýokarydygy has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Täze ýyl sowgatlarynyň milli nagyşlar bilen bezelip, ruhy dünýämize ýakyn görnüşde bolmagy hem ýakymly täsir döredýär. Halkymyzyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin edilýän aladalaryň ählisi Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Rüstem MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
geňeşiniň başlygynyň orunbasary.